Azatlyk Radiosy: Jenap Olsson, siz ýakynda günbatarly delegasiýa bilen Türkmenistana sapar etdiňiz. Türkmen resmileri bilen geçiren gepleşikleriňiziň gün tertibi nämelerden ybarat boldy?
Hans Olsson: Bu delegasiýa ÝB-niň “Üçlük” ýagny “Troýka” delegasiýasydy we düzüminde bileleşigiň prezidentligi, täze prezidentligi, kommissiýasy we geňeşligiň sekretarlygy bardy.
Gepleşiklerimiziň gün tertibi örän köp meseleleri öz içine aldy. Türkmenistandaky içerki gatnaşyklar we özgerişlikler, ÝB-Türkmenistan gatnaşyklary, ÝB-niň strategiýasynyň durmuşa geçirilişi, regional meseleler, energiýa we adam hukuklary. Garaz, gepleşikler giň gerimde geçirildi.
Azatlyk Radiosy: Soňky wagtlar Türkmenistan ÝB bilen gatnaşyklaryny has hem giňeltmäge isleg bildirýändigini görkezdi. Türkmenistanyň prezidentiniň ÝB boýunça çykyşlaryny, beýanatlaryny, her bir aýdan sözüni halkara media we ekspertler ýakyndan yzarlaýarlar. Gatnaşyklaryň geljegi boýunça eskpertleriň arasynda dürli garaýyşlar bar.
ÝB-niň Şwed prezidentliginiň Merkezi Aziýa boýunça ilçisi hökmünde gatnaşyklaryň geçmişine, häzirki ýagdaýyna we geljegine nähili baha berýärsiňiz?
Hans Olsson: Türkmenistandaky häzirki syýasy liderligiň daşarky dünýä bilen gatnaşyk açmaga isleg bildirýändigi aýdyň.
Türkmenistandaky öňki režimiň köp halatlarda öran ýapyk syýasat alyp barandygy we öz-özüni daşarky dünýäden çetleşdirendigi gizlin zat däl.
Türkmenistanyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen, guramalar bilen, esasan hem ÝHHG bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge has güýçli isleg bildirýändigini görýäris. Meniň pikirimçe, bu ugurlar boýunça tapgyrlaýyn öňe gidişlikleri göreris. Umuman aýdanymyzda, Türkmenistan ÝB we bileleşigiň agza döwletleri, ABŞ we daşarky dünýä bilen has içgin gatnaşyklary ýola goýmagy örän isleýändigini görkezdi.
Azatlyk Radiosy: Jenap ilçi, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy uzak wagtdan bäri Ýewropanyň institutlarynyň, guramalarynyň we halkara medianyň gün tertibinde dur. Bu ynjyk mesele boýunça Ýewropaly resmiler Türkmenistan bilen örän seresap syýasat alyp barmaga synanyşýarlar. Emma Ýewropanyň guramalary bileleşigiň daşarky syýasatynyň bir bölegi bolup durýar.
Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy, iň bolmanda ýurda girip-çykmak gadagançylygynyň aradan aýrylmagy ýa-da metbugatyň üstünden gözegçiligiň gowşadylmagyny gazanmak ýaly belli meseleler boýunça ÝB-niň Şwed prezidentliginiň ýörite programmasy barmy?
Hans Olsson: Elbetde, ÝB Türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikleriniň ählisinde adam hukuklary meselesini gozgaýar. Biz häzirki wagtda adam hukuklary boýunça Türkmenistan bilen dialogy ýola goýduk. Bu ugur boýunça iň soňky duşuşyk şu ýylyň iýun aýynda bolup geçdi. Şol duşuşykda türkmen tarapynyň resmileri halkara adam hukuklary standartlaryna bagly bolup galjakdyklaryny we bu ugur boýunça milli kanunçylygy özgertmek üçin alyp barýan işlerini dowam etdirjekdiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.
Biz hem öz gezegimizde ÝB hökmünde şol prosese goldaw bermäge we goşant goşmaga taýýar. Şu mesele boýunça beýleki guramalaryň, esasan hem ÝHHG-niň öräň uly tejribesiniň bardygyny bilýärin. Şwed prezidentliginiň adam hukuklary boýunça ýörite türgenleşdiriji programmasy ýok. Ýöne ýaňy belläp geçişim ýaly, adam hukuklaryna degişli çäreler ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň bir bölegidir. Şol sebäpli biz öz strategiýamyzy durmuşa geçirenimizide, elbetde, adam hukuklarynyň üstünde hem işleýäris.
Azatlyk Radiosy: Jenap Olsson, uzak wagtdan bäri planlaşdyrylyp gelýän “Nabukko” proýektiniň Şwed prezidentligi döwtründe durmuşa geçiriljekdigi babatda nähilidir bir yşarat görýärsiňizmi?
Hans Olsson: Bu proýekt durmuşa geçirilmezinden öň çözülmeli birnäçe meseleler bar. Ýagny, tehniki, maliýe we üpjünçilik meseleleri ýatyr. “Nabukko” diýseň uly proýekt. Men biziň ÝB-ne prezidentlik edýän döwrümizde turbalaryň goýlup başlanjakdygyna garaşmaýaryn. Emma şuny bilýäris, bu proýekte gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda taýyarlyklar dowam edýär.
Azatlyk Radiosy: Meniň soňky soragym, geçen hepde Türkmenistan Hazar deňzinde harby-deňiz bazasyny gurmagy planlaşdyrýanlygyny yglan etdi. Käbir ekspertler bu ýagdaýyň “Nabukko” proýekti üçin uly päsgelçilik döredip biljekdigini aýdýarlar. Şol baza boýunça siziň garaýyşlaryňyz nähili?
Hans Olsson: Mende bu barada giňişleýin maglumat ýok. Ýöne bir zady unutmaly däl. Tebigy gaz Türkmenistanyň esasy eksport mallarynyň biri. Tebigy gazyň ekportyny kynlaşdyrjak islendik hereketden ýa-da çärelerden türkmen häkimiýetleriniň daşda durjakdygyna men doly ynanýaryn.