Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranyň prokurory täze wezipä bellendi


Tähranyň öňki prokurory Saeed Mortazawi.
Tähranyň öňki prokurory Saeed Mortazawi.

Eýran sudunyň ýolbaşçysy Tähranyň prokurory Saeed Mortazawini ýurduň baş prokurorynyň orunbasary wezipesine belledi.

Eýranda geçirilen saýlawlardan soňky tutha-tutluklary gurnanlykda aýyplanýan Saeed Mortazawiniň täze wezipede ygtyýarlyklary artarmy ýa ýok diýen mesele entek anyk däl.

Tähranyň öňki prokurory Saeed Mortazawä ýurtda reformaçylara degişli garaşsyz neşirleri gadagan edendigi üçin “metbugatyň gazaby” diýen at dakyldy. Ol reformaçylaryň 100-den gowrak neşirini ýapyp, köp žurnalistlere hem-de internet bloggerlere garşy jenaýat işlerini gozgap, şeýle lakama mynasyp boldy.

Saeed Mortazawiden ejir çeken žurnalistleriň biri Ruzbeh Mirebrahimi, 2004-nji ýylda birnäçe kärdeşi bilen tussag edilip, etmedik jenaýatlaryny boýun almaga mejbur edilpdi. Häzirki döwürde Nýu-Ýorkda ýaşaýan Ruzbeh Mirebrahimi Saeed Mortazawiniň Tähranyň prokurory wezipesinden çetleşdirilendigini eşidip, begenendigini aýdýar.

“Mortazawiniň işlän ýeri - Tähranyň prokuraturasy, yslam respublikasynyň sud sistemasynyň esasy damary diýip bolar. Men şol adamyň bu wezipeden gidendigine begenýärin. Sebäbi ol entek bu wezipäni eýeleýärkä, hiç zadyň özgeremjekdigi, sud sistemasynda reformalara ýol berilmejekdigi anyk” diýip Mirebrahimi öňe sürýär.

Beýleki Eýranly bir žurnalist Fereşteh Gazi Mortazawiniň ady agzalanda, gaty ýakymsyz, agyryly ýatlamalaryň hakyda gelýändigini aýdýar. Şol ýatlamalaryñ gazetleriň ýapylmagy, tutha-tutluklar, işsiz galyp, Eýrany terk etmäge mejbur edilmek, öýsüz-öwzarsyz galmak ýaly wakalar bilen baglydygyny žurnalist gürrüň berdi.

29-njy awgustda Eýranyň ýerli metbugaty ýurduň sudunyň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenilen Sadeh Larijaninyň Tähranyň prokurory wezipesine Abbas Jafari Dolatabadini belländigini habar berdi. Bir günden soň bolsa Saeed Mortazawiniň Eýranyň baş prokurorynyň orynbasary wezipesine bellenilendigi mälim edildi.

Ýüzleý üýtgeşiklik

Adam hukuklary boyunça ýurist Muhamad Seýfzadeh Mortazawiniň bir wezipeden boşadylyp, beýlekä bellenilmeginiň köp zady üýtgetmejekdigini aýdýar.

“Sistemanyň özünde özgerişlikler bolan bolsa, Mortazawi baş prokuroryň orynbasary wezipesine bellenilmezdi, gaýtam administratiw sud onuň bu sistemadan düýpden çykarylmagy ugrunda hereket ederdi.
Ol suda çekilmeli hem öz eden işlerini köpçulige düşündirmeli” diýip, ýurist aýdýar.

42 ýaşly Saeed Mortazawi asly Eýranly Kanadanyň raýaty, fotožurnalist Zahra Kazeminiň 2003-nji ýylda duçar bolan ölümine dahyllylykda güman edilýär. Türme tussaglygynda saklanan döwri žurnalist zenanyň kellesine zeper ýetirilip, ol keselhanada aradan çykypdy. Zahra Kazemi “Ewin” atly türmäniň golaýynda tussag edilenleriň dogan-garyndaşlarynyň geçiren protest-demonstrasiýasyny surata düşürendigi sebäpli häkimiýetler tarapyndan saklanypdy.

Mortazawi gaty rehimsiz, aryny köýdürmeýän adam diýlip tanalýar. Tussaglary sorag edende, dürli haýbat atmalar bilen olara psihiki basyşy ulanmakdan gaýtmaýandygy barasynda-da maglumatlar bar.

Žurnalist Ruzbeh Mirebrahimi öňki prokuroryň maşgala agzalaryny ýok etmek bilen haýbat atandygyny bize gürrüň berdi. Ýagny, oýdäkileriň heläkçilige uçramaklary mümkin diýip, Mortazawi oňa haýbat atypdyr.

Mortazawini kim goldaýar?

Käbir synçylar Eýranyň ruhany lideriniň Mortazawini gollaýandygyny aýdýarlar. Emma žurnalist Ruzbeh Mirebrahimi bu pikirler bilen ylalaşmaýar. Ol öňki prokuroryň diňe rejimiň aýdanyny edýän emeldarydygyny aýdýar.

Mortazawi Eýranda geçirilen saýlawlardan soňky tutha-tutluklary gurnan adamlaryň biri hökmünde tanalýar. Onuň buýrugy boýunça reformaçylaryň görnükli wekilleri “mahmal rewolýusiýasyny” amala aşyrmaga synanyşykda aýyplanyp, tussag edildiler.

Tähranly ýurist Nemat Ahmadi Mortazawiniň öňki wezipesinden çetleşdirilmeginiñ hem-de ýurtda saýlawlardan soňky bidüzgünçilikler bilen meşgullanýan komissiýanyň döredilmeginiñ tussag edilen reformaçylaryň ykbalyna öňyn täsir etmeginiň mümkindigini radiomyzyň pars gullugyna beren interwýusynda belledi.

Adam hukuklary boýunça ýurist Muhamad Seýfzadeh reformaçylara garşy gozgalan işleriň dowam etdirilýändigini aýdyp, bu prosesiň tamamlanjakdygyna köp ynanmaýandygyny belledi.

Bloggerleriň biri bolsa, Mortazawiniň täze wezipä bellenmegi bilen bagly “Tähranyň jellady, yurduň jellady boldy” diýip ýazdy.
XS
SM
MD
LG