Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Feroza: Halka hyzmat üçin öýden çykdym


Owganystanda 20-nji awgustda prezidentlik bilen bir hatarda welaýat geňeşlikleri boýunça hem saýlawlar geçirildi.
Owganystanda 20-nji awgustda prezidentlik bilen bir hatarda welaýat geňeşlikleri boýunça hem saýlawlar geçirildi.
Owganystanda 20-nji awgustda prezidentlik bilen bir hatarda welaýat geňeşlikleri boýunça hem saýlawlar geçirildi. Welaýat geňeşliklerine geçirilen saýlawlara tutuş ýurtdan ýüzlerçe kandidat gatnaşdy.

Feroza Korişi
Olardan biri hem türkmen zenany Feroza Korişidir. Hanym Feroza Owganystanly türkmenleriň arasynda syýasata aralaşan az sanly zenanlardan biridir. Ol Owganystanda talyp rejiminiň agdarylmagyndan soňra bu ýurtda geçirilen ilknji demokratik saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Jöwüzjanyň welaýat geňeşiniň spikeriniň orunbasary wezipesine bellenipdi.

Ol ýakynda geçirilen saýlawlara-da gatnaşdy, bu ses berlişigiň netijesi häzirlikçe yglan edilmedi, emma Hanym Feroza geçen dört ýylyň dowamynda halk bähbidi üçin bitiren işleri sebäpli özüniň ýene bir gezek geňeşlige saýlananlygyna ynanýar.

Hanym Feroza Korişi bilen Azatlyk Radiosynyň Türkmen Gullugyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlaryň ahyrky netijesi barada maglumat alyp bildiňizmi?


Feroza Korişi: Ýok, henize çenli bu barada anyk maglumatymyz ýok, saýlawlar komissiýasy tarapyndan bu barada bize hiç hili maglumat berilmedi. İnşalla, saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyma umyt edýärin, sebäbi geçen dört ýylyň dowamynda Jöwüzjanda ýaşaýan halkymyza uly hyzmat etdim. Şonuň üçin hem gaytadan saylanjakdygyma tama bar.

Azatlyk Radiosy: Siz birnäçe ýyldan bäri welaýat mejlisiniň agzasy hem mejlisiň başlygynyň orunbasary wezipesini berjaý edýärsiňiz, emma umuman aýdylanda, Owganystanly türkmen zenanlarynyň arasynda sýyasata aralaşanlarynyň sany gaty az, sýyasata näme maksat bilen gadam basdyňyz?

Feroza Korişi: Dogrudan hem, sýyasata aralaşan türkmen zenanlarynyň sany gaty az. Okuwly Türkmen gyz-gelinleriniň sanynyň bäş prosente hem ýetmeýän bolmagy mümkin. Şonuň üçin hem men şu aýal gyzlaryň sýyasata girmegine badalga bermek hem-de olara görelde bolmak üçin bu pudaga gadam basdym. Sebäbi başga halklara garanymyzda, olaryň bizden nädereje-de öňe gidenligine göz ýetiriýäris.

Bizler hem Türkmen aýal-gyzlary bolup, özümizi gelişdirmeli, hemem edilmeli işlere wagtynda çemeleşip, beýleki türkmen aýal doganlarymyza hyzmat etmäge synanyşmaly, men şu maksat bilen syýasata goşuldym.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlara gatnaşjakdygyňyzy yglan edeniňizde, bu halk tarapyndan nähili garşy alynypdy?

Feroza Korişi: Men mundan dört ýyl ozal geçirilen saýlawlara gatnaşjakdygymy yglan edenimde, erkek hem ayal doganlarymyzyň hemmesi meni gaty goldapdylar. Olar aýal doganlarymyzdan hem biri sýyasata goşulyp, saýlawlarda öz kandidaturasyny hödürläpdir diýip, gaty begenipdiler. Maňa her jehtden goldaw beripdiler.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlara gatnaşjakdygyňyzy ilknji gezek yglan edeniňizde, muňa garşy çykan hem bolupmydy?

Feroza Korişi: Hawa bolupdy... Emma meniň tarapdarlarym öz goldawlary bilen bu hili negatiw aladalara ýol bermezlik üçin meniň ýanymda durdular, maňa her hili goldaw bedriler. Maňa päsgelçilik döretmäge synanyşan şol adamlar garaňkylykda ýetişen, ylym-bilimden uzakda galan adamlardy. Olar yslamyň aýallara ýolbaşçy bolmaga rugsat bermeýänligini aýdyp, sen bir aýal, sen öýde otyrmaly diýip, maňa ýol bermejek bolupdylar.

Azatlyk Radiosy: Welaýat geňeşliklerine öz kandidaturasyny hödürlän kandidatlardan ençemesi alnyp gaçyldy, hatda olardan öldürilenleri hem boldy, sizi bu ýagdaý gorkyzmadymy?

Feroza Korişi: Ýok, men gorkmadym, emma käbir kynçylyklar hem bardy. Men saýlaw kompaniýalarym boýunça obalara sapar etmeli bolanymda, howpsuzlyk güýçleri öz howpsuzlygyňa dykgat et, ýola çykmazdan ozal bize habar ber diýip, ençeme gezek aýtdylar. Ýöne hudaý jan ýalkap, hiç zat bolmady.

Azatlyk Radiosy: Saýlaw kompaniýalaryňyzyň dowamynda haýsydyr bir kynçylyk ýa geň-taň ýagdaý bilen hem duş geldiňizmi?

Feroza Korişi: Hawa, käbir garaşylmadyk ýagdaýlara hem duş geldim, meselem, bir gezek Garkyn regionynyň Dinar obasyna baranymda, şol ýerden öz kandidaturasyny hödürlän erkek doganlarymyzdan biri bize onuň saýlawlar boýunça şol regionda asylgy suratyny ýyrtanlygymyzy aýdyp, töhmet atdy. Hakykatda ol öz suratyny öz tarapdarlaryndan birini iberip ýyrtdyrypdyr. Men olara biz ýyrtamzok diýip, jogap berdim. Emma soňra ol adam ertesi agşam bize jaň edip, sizler meniň suratymy ýyrtdyňyz, biz sizlere hüjüm ederis diýip, haýbat atdy. Olaryň maksady bizi gorkuzyp, şol ýerden kowmakdy, sebäbi men näçeräk şol ýerde galsam, bu onuň zyýanyna tamamlanýardy. Näme üçin diýseňiz, Garkynyň ilaty meni gaty gowy garşy aldy, her gün ýüzlerçe, hatda müňlerçe adam meniň bilen duşuşmaga gelýärdi.

Azatlyk Radiosy: Sizi goldap, ses berenleriň arasynda erkekleriň sany köpmüdi, ýogsa-da zenanlaryň?

Feroza Korişi: Meniň pikirimçe, olaryň sanynyň deň bolmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Owganystanly türkmen zenanlarynyň arasynda siziň ýaly syýasata goşulup, ýa-da hökümet edaralarynda işläp ýören zenanlaryň sany gaty az, olarda bu hili ugurlara goşulmaga isleg ýokmy ýa-da munuň başga sebäpleri barmy?

Feroza Korişi: Türkmen halkymyzyň hökümet edaralarynda işlemäge-de syýasata aralaşmaga-da islegi bar. Eger seredip gorsek, Jöwüzjan welaýatynyň 75 prosenti türkmenler. Halk öz türkmenlerimizden doktor bolsa, häkim bolsa, hökümet edaralarynda işläp ýören adamlar bolsa, bizem öz dilimizde düşünşip bilsedik diýip, arzuw edýär.

Öň kynçylyk bolan hem bolsa, soňky döwürlerde halkymyz aýal bolsun, emma özümizden bolsun, biz öz dilimizde düşünişip bileli, şunlukda biz kynçylyklarymyzy çözüp bileli diýip, aýdyp başladylar. Hudaýa şükür, indi ýagdaý günbe-günden gowylaşyp barýar, sosial aladalara aralaşýarlar, umuman aýdylanda, soňky birnäçe ýyldan bäri ýagdaý gaty gowy. Emma olara syýasata gowy aralaşýança birneme işe goşulýança wagt gerek. Ýöne, umuman aýdylanda, okuwçy türkmen gyz doganlarymyzyň sany barha artyp barýar. Häzirki döwürde obadyr-etraplarda ýaşaýan türkmen gelin-gyz doganlarymyzyň 50 prosent töwereginiň okuwa gatnaýanlygyny aýdyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Dört ýyldan bäri Jöwüzjanyň welaýat mejlisiniň başlygynyň orunbasary wezipesini berjaý edip gelýärsiňiz, şol döwürde halk bähbidi üçin bitiren işleriňiz barada-da maglumat beräýseňiz?

Feroza Korişi: Ilki bilen men welaýat geňeşlikleriň wezipelerini we borçlaryny size aýdyp bermekçi. Welaýat geňeşlikleri diňe maslahat berýän bir edaradyr. Şeýle-de, ol halk arasyndaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmak üçin hem hereket edýär. Men şol aladalarymyň çäginde il arasyndaky 503 sany agzalalygy köşeşdirmegi başardym.

Mundan başga-da, Meňejik, Akja, Faýzabad, Khanaka we Murziýan ýaly etraplarymyzda suw gytçylyk edýärdi, men geçen dört ýylyň dowamynda bu meseläniň çözgüdi üçin hem gaty kän alada etdim. Al-Hamdullyla, häzir bu ugurda proýekt düzüldi, işe hem başlanjak bolnup dur. Olara Garkyn we Hamiýap etraplaryndan suw getiriljek. Bu meniň ýadyma düşen zatlar, mundan başga-da, halkyň sesini ýokarky ýolbaşçylaryň gulagyna ýetirmek üçin gaty kän alada etdim.

Hatda halkyň hak-hukugy boýunça men welaýat häkimi bilen ençeme gezek jedel etdim we çekeleşdim, hatda “seni öldüreris” diýip, meni gorkuzjak hem boldular. Emma men olardan gorkmadym, sebäbi halka hyzmat etmek üçin öýden çykypdym. Halk meni öz wekili edip saýlady, şunlukda olara hyzmat etmek we olaryň sesini ýokarky ýolbaşçylaryň gulagyna ýetirmek meniň borjumdy.

Azatlyk Radiosy: Eger bardy-geldi bu gezekki saýlawlarda ýeňiş gazanyp bilmedik bolsaňyz, mundan soňky planlaryňyz nämelerden ybarat?
Feroza Korişi:
Ilki bilen-ä, men özümiň saýlanjakdygyma 100 prosent ynanýaryn, emma saýlanyp bilmesem hem, bu meniň halk üçin edýän aladalaryma täsirini ýetirmez. Deputat bolmasam-da, başga bir ugurdan öz ýolumy dowam ederin, sebäbi halka hyzmat etmek diňe wekillikde däl, meniň başga-da planlarym bar, olary-da wagty gelende, halk köpçuligine aýan ederin.
XS
SM
MD
LG