Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda bilim ministri wezipesine bir zenan teklip edildi


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bilim ministri wezipesi boýunça bir zenanyň kandidaturasyny hödürledi. Bu wezipe boýunça mundan ozal teklip edilen zenan kandidaty parlament tassyklamandy.

Mehr habar agentliginiň maglumatyna görä, Ahmedinejadyň energiýa ministri wezipesi boýunça mundan öňki teklip eden kandidaty parlament tarapyndan ret edilenden soň, bu wezipäni eýelemek üçin hem täze bir kandidaty hödürläpdir.

Bilim ministrligi wezipesi boýunça teklip edilen zenan, Fatima Alýa, parlamentiň agzasy bolup, onuň Ahmedinejadyň ýakyn ýaralanlaryndan biridigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG