Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada halkara Ykdysady forumy açyldy


Şu gün Polşanyň Krynisa-Zdroý şäherinde 19-njy halkara Ykdysady forumy açyldy.

Üç gün dowam etjek bu forumda kopsanly beýleki meseleler bilen bir hatarda Merkezi Aziýanyň içerki we daşarky syýasaty, regionyň energiýa syýasaty, Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky demokratik prosesler, global howpsuzlyk meselesinde Owganystanyň roly, Orsýetiň daşarky we içerki syýasaty, Türkiýäniň Günbatar bilen gatnaşyklary, global maliýe krizisiniň netijeleri ýaly temalar boýunça-da pikir alşylar.

Polşada açylan bu möhüm ykdysady foruma Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we şol sanda Türkmenistandan anyk nähili wekilleriň gatnaşýandygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG