Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk hökümeti “Dogan Ýaýyn” boýunça aýyplamalary ret etdi


Düýn Türkiýäniň hökümeti ýurduň iň uly mediýa guramasy bolan «Dogan Ýaýyn» guramasyna garşy salgyt tölegi bilen baglanyşykly çykarylan kararyň syýasy matlaplara esaslanýandygy baradaky aýyplamalary ret etdi.

Geçen hepde Türkiýäniň sudy ençeme metbugat serişdelerini we telewizion stansiýalary özüne birikdirýän «Dogan Ýaýyn» guramasyny salgyt tölemänlikde aýyplap, bu gurama 2.5 milliard dollar jerime saldy.

Bu baradaky çykarylan karar ilat arasynda käbir nägilelikleri döretdi. Türkiýäniň käbir raýatlary bu soňky wakany «Dogan Ýaýyn» atly mediýa guramasynyň Rejep Taýyp Ärdoganyň hökümetini tankytlap gelýändigi üçin, oňa garşy görlen çäre diýip häsiýetlendirýärler.

Düýn Türkiýäniň maliýe ministri bu bildirilýän aýyplamalaryň ýerliksiz aýyplamadygyny aýdyp, muny ret etdi.
XS
SM
MD
LG