Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

R.Kadeer: “Türki milletler bizi goldady”


10-njy we 11-nji sentýabr günlerinde Pragada Merkezi Aziýada demokratiýa we Ynsan hukuklary boýunça geçen konferensiýa Rabiýa Kadeer hem gatnaşdy.
10-njy we 11-nji sentýabr günlerinde Pragada Merkezi Aziýada demokratiýa we Ynsan hukuklary boýunça geçen konferensiýa Rabiýa Kadeer hem gatnaşdy.

Rabiýa Kadeer milletara ylalaşyklylygyň nusgasy hökmünde öz wagtynda Hytaýyň häkimiýetrleri tarapyndan goldanan şahs.

Uýgur milletinden bolan musulman aýal R.Kadeer ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda Hytaýyň günbatar böleginde ýaşap gelýän halkyñ we häzirki wagtda Sintszýan Uýgur Awtonom welaýaty diýlip atlandyrylýan regionyň wekilidir.

11 çaganyň enesi Rabiýa 1976-nji ýylda kir ýuwulýan kärhana açypdy. Soňra onuň biznesini yzygiderli ösdürmek boýunça tagallalary bilen açan dükany uly söwda merkezine öwrüldi. 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Rabiýa Kadeer Hytaýda iň gurply adamlaryň bäşligine girýärdi.

Kadeer adamsöýüjiligi bilen tapawutlandy we uýgur zenanlaryna biznesi ýola goýmakda ýardam bermek hem Hytaýda uýgurlaryň we beýleki milli azlyklaryň deňligini goramak ugrunda iş alyp bardy.

Kadeeriň basyş astynda düşmegi

Pekiniň 1997-nji ýylda Sintszýanyň Ýining şäherinde bolan gozgalaňy basyp ýatyrmak usulyny ýazgarmagy Kadeeriň basyş astyna düşmegine sebäp boldy. Ol Milli Halk Kongresindäki we Syýasy Geňeş Kongresindäki orunlaryny ýitirdi we ýurduň daşyna çykmak mümkinçiliginden mahrum edildi.

1999-njy ýylda ol ABŞ-da sürgünlikde ýaşaýan we uýgurlaryň hak-hukuklaryny goraýan adamsyna gazetlerde çap bolan maglumatalary ibermekçi bolupdy. Şol ýylyň awgust aýynda Rabiýa Kadeer Sintszýan welaýatyndaky ýagdaýy öwrenýän ABŞ-nyň Kongresiniň delegasiýasy bilen duşuşmakçy bolanda tussag edildi. Ol döwlet syrlaryny paş etmekde we Hytaýyň howpsuzlygyna wehim salmakda aýyplanyp, 2000-nji ýylda türmä höküm edilidi. 2005-nji ýylyň mart aýynda Kadeer saglygy sebäpli türmeden boşadyldy.

2006-njy ýylda Rabiýa Kadeer Uýgurlaryň amerikan assosiasiýasynyň prezidenti saýlandy we yzysüre Uýgurlaryň dünýä kongresine prezident boldy. Mundan köp wagt geçmänkä onuň iki ogly Hytaýda tussag edildi, üçünji ogluna bolsa salgytdan gaçmakda aýyplap, hytaý häkimiýetleri uly jerime saldylar.

Şu ýylyň iýul aýynda etnik uýgurlar we hytaýlar arasynda gapma-garşylyklar ýüze çykanda, Hytaýyň hökümeti, gozgalaňlary tutaşdyrmakda Kadeeri we uýgurlaryň Dünýä Kongresini günäledi.

10-njy we 11-nji sentýabr günlerinde Pragada Merkezi Aziýada demokratiýa we Ynsan hukuklary boýunça geçen konferensiýa gatnaşan Rabiýa Kadeer bilen “Azat Ýewropa/Azatlyk” radiosyndan gyrgyz gullugynyň müdiri Tynçtykbek Çoroýew we tatar gullugyndan Metin Karizmaz söhbetdeş boldular.

“Pursatdan peýdalanmak islediler”

Hytaý häkimiýetleriniň uýgur milletçilerini terrorçylar hökmünde häsiýetlendirmek tagallalary barada berlen soraga Rabiýa Kadeer şeýle diýdi: “Halkara terrorçylyk 2001-nji ýylyň 11-nji sentýbarynda bolan wakalardan soň dörän düşünje. Hytaý hökümeti şonda bize-de terrorçy diýen at berdi. Hytaý häkimiýetleri şonda biziň musulmandygymyzdan we türki milletdigimizden peýdalanmak isläpdi. Olar “Gündogar Türküstan Yslam” guramasy ýagny “Gündogar Türküstany Azat ediş Fronty” terrorçylykly hereket etmegi planlaşdyrýar diýen beýannama bilen çykyş etdiler we şeýle pirimden peýdalanmak bilen tutuş uýgur halkynyñ parahatçylykly hereketini basyp ýatyrmaga synanyşdylar.

“Gündogar Türküstany Azat ediş Fronty” terrorçylyk gurama babatynda aýdylanda häzirki wagtda şeýle guramanyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak ugrunda hatda Günbatar dünýäsi hem hereket edýär. Amerika we dünýäniň beýleki bölegi bu maglumaty öwrenýärler”.

Hytaýyň häkimiýetleri “Gündogar Türküstan Azat ediş Fronty” guramasy barada eden beýannamasynyň yz ýany şeýle guramanyň “Al Kaýda” ýaly ady belli terrorçylykly toparlar bilen baglanyşykdadygyny hem aýdypdylar. Munuň yz ýany Pekin Uýgurlaryň dünýä guramasynyň hem “Al Kaýda” bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny ýaňzytdy.

Rabiýa Kadeer aýyplamalary ret edýär

“Nädip bizde “Al Kaýda” ýa beýleki terrorçylykly guramalar bilen gatnaşyk bolsun? Görşüňiz ýaly, biz amerikada ýaşaýarys we Amerika bize maliýe taýdan ýardam berýär hem goldaýar. Şu günki gün biz abraýly halkara forumlara gatnaşýarys. Eger biz terrorçylar bilen gatnaşykda bolan bolsak, biz häzirki foruma çagyrylmazdyk” diýip, R.Kadeer aýtdy.

Rabiýa Kadeer türki halklara degişli Orta Aziýadaky topragyň türki halklar tarapyndan dolandyrylmagyny isleýänligini aýtdy. Ol häzikri wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň Hytaýdaky uýgurlara ýardam bermekden boýun gaçyrmagynyň we käbir halatlarda gaçyp baran uýgurlary Hytaýa tabşyrmagynyň sebäplerini syýasat bilen baglanyşdyrýar, emma ol regionyñ halklarynyň uýgurlara doganlarça gatnaşyk görkezýänligini belledi.
XS
SM
MD
LG