Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýanyň prezidenti türkmen parlamentiniň ýolbaşçysyny kabul etdi


Rumyniýanyň prezidenti Traýan Basesku türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewany kabul etdi, 16-njy sentýabr, 2009 ý.
Rumyniýanyň prezidenti Traýan Basesku türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewany kabul etdi, 16-njy sentýabr, 2009 ý.
16-njy sentýabrda Rumyniýanyň prezidenti Traýan Basesku, bu ýurda resmi sapara baran türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewany kabul etdi. Bu barada Ruminiýanyň prezident administrasiýasynyň resmi beýanatynda habar berilýär.

Duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň perspektiwasy, ykdysady we energiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk, şeýle hem Rumiýanyň işewürler jemgyýetine türkmen bazary tarapyndan döredilýän mümkinçilikler barada gürrüň edildi.

Prezident Basesku, şu hepde Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçirilen konferensiýa mynasybetli ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda wagtlaýyn söwda boýunça ylalaşyga gol çekilmegini kanagatlanma bilen belläp geçdi.

Rumyniýanyň lideri, döwletara gatnaşyklarda esasan hem parlament ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini giňden goldaýandygyny nygtady. Bu ugur iki döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady we gumanitar baglaryň güyçlendirilmegine goşant goşar diýlip, Rumyniýanyň prezident administrasiýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa, Rumyniýa saparynyň dowamynda özüniň örän mähirli garşy alynmagyna minnetdarlygyny bildirip, Rumiýanyň liderine Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny gowşurdy.

Şu ýylyň iýul aýynda, Rumyniýanyň prezidenti Traýan Basesku türkmen prezidentiniň çakylygy bilen Aşgabada iki günlük sapara barypdy. Şol ýerde Basesku türkmen parlamentiniň ýolbaşçysy Akja Nurberdiýewa bilen hem duşuşypdy.

Aşgabatda bolup geçen duşudygyň dowamynda, Traýan Basesku we Gurbanguly Berdimuhamedow, ykdysady, energiýa we beýleki özara bähbitli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy baradaky bilelikdäki deklarasiýa gol çekipdiler.
XS
SM
MD
LG