Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Al-Kaýdanyň uly resmisi täze wideoýazgy çykardy


Düýbi Birleşen Ştatalarda ýerleşýän terrorizm gözegçiligi gullugynyň aýtmagyna görä, Al-Kaýdanyň ikinji derejeli komandiri Aýmani al-Zawahri täze wideoýazgysyny ýaýratdy.

Bu wideoýazgy 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjümleriniň ýyl dönümine gabat çykarylan hasaplanýar.

SITE International gullugy arap dilinde ýazgy edilen wideonyň «Günbatar… we Gara ötük» atlandyrylandygyny we 106 minut dowam edýändigini aýdýar.

Wideoda al-Zawahri we beýleki al-Kaýda şahslary geçen ýylyň wakalary, şol sanda maliýe krizisi we Barak Obamanyň prezident saýlanmagy barada gürrüň edýärler.

Bu wideo Al-Kaýdanyň tarapdarlary tarapyndan köp ulanylýan websaýtda ýerleşdirilipdir.
XS
SM
MD
LG