Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hem amerikan liderleri duşuşýar


Şu gün, Nýu Ýorkda BMG-nyň Baş assambleýasynyň sessiýasynyň gapdalynda rus prezidenti Dmitriý Medwedew bilen amerikan prezidenti Barak Obamanyň duşuşygy bolýar.

Bu Obama ýanwarda prezident bolaly bäri rus hem amerikan prezidentleriniň üçünji duşuşygy bolar.

Olar öň aprelde we iýulda, Obama Moskwa sapar edende duşuşypdylar.

Medwedew bilen Obamanyň Eýranyň ýadro programmasy, uran baýlaşdyrmagy bes etmedik ýagdaýynda BMG-nyň Eýrana garşy girizjek sanksiýalary barada gürleşmegine garaşylýar.

Orsýet golaýda Günbatar ýurtlary Eýrana garşy ýene bir sankýasiýalar tapgyryny girizmekçi bolsa, özüniň muňa garşy bolmajagyny aňlatdy.
XS
SM
MD
LG