Dünýäniň esasy ykdysadyýetleriniň ýolbaşçylary öňki gezek duşuşanlarynda global ykdysadyýet durgunlygyň gyrasynda durdy. Şol sebäpden hem G-20 toparyna girýän ýurtlar dünýä ykdysadyýeti çökmez ýaly gyssagly çäreleri ýola goýmalydy.
Indi krizisiň çuňalmagynyň öňüni bökdän ykdysadyýeti dikeltmek üçin hökümetleriň güýçli serişde goýbermegi barada bilelikde gelnen karar diýýärler.
Häzir global ykdysadyýetiň özüni gaýtadan dürsäp gelýandigini görkezýän alamatlar bar. G-20 indi ýeňillik bilen dem alaýmaly. Ol öňküsi ýaly beýle bir güýçli gyssag astynda däl.
Üns merkezindäki mesele
Pittsburgda geçýän bu gezekki duşuşykda üns merkezinde duran mesele ykdysadyýetiň özüni dürsemegini dowam etdirmegi. Ýene bir zat bolsa, goýberilen öňki ýalňyşlyklar gaýtalanmaz ýaly täze düzgünleriň döredilmegidir.
24-nji sentýabrda bu dogruda esasan ylalaşylýandygy habar berildi. Ak Tamyň bir beýannamasynda ýolbaşçylaryň G-20-ni halkara ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alşara “ýokary forum” hökmünde makullandygy aýdylýar.
Bu G-20-niň ösen ykdysadyýetli ýurtlar – Birleşen Ştatlardan, Britaniýadan, Kanadadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we Orsýetden – ybarat bolan G8-iň ýerini alýandygyny aňladýar. G8-iň ýylda bir gezek geçýän duşuşygy indi howpsuzlyk meseleleri barada bolar.
Pittsburgda barýan häzirki duşuşykdan maksat deňagramly hem dowamly ösüşe şert döretmek. Birleşen Ştatlaryň maliýe ministri Timothy Geitneriň aýtmagyna görä, maksat indiki krizisleriň öňüni bökdemek.
“Ýokary derejeli duşuşykdan esasy maksat maliýe sistemalarymyzda güýçli ölçegleri ornadara ýol açmak. Biz Uly Deprssiýadan bärde bolan bu iň agyr krizis bolmadyk ýaly, onuň kesesinden geçip, bu krizise getiren sebäpleri şol öňküligine goýu bilmeris” diýip, Geitner aýdýar.
Başga meseleler öňe sürülýär
Ýöne duşuşyk doly ylalaşykly geçmejege meňzeýär.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel: “Sammitde ileri tutulmaly zat maliýe bazaryny düzgüne salmak barada bir ylalaşyga gelinmegi” diýýär.
Merkel aýratyn-da gymmatly kagyzlar we bankçylara aýlykdan daşgary berilýän pul sylaglarynyň berk çäklendirilmegini isleýär. Onuň pikiriçe, töwekgelçilikli hereketlere itergi bolýan şular.
Britaniýanyň premýer-ministri Gordon Brown bilen Amerikan prezidenti Barak Obama hem töleglere garyşmakdan saklanmaga synanyşýar.
Obamanyň hökümetler tarapyndan nebit, kömür we tebigy gaz ýaly global ýylylyga sebäp bolýan ýangyçlara tölenýän pul kömeklerini goýdurmaga synanyşaryna garaşylýar. Muňa hem Hindistan bilen Hytaý ýaly ýurtlar garşylyk görkezerler diýip, pikir edilýär.