Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan üçin iň amatly ýol nämelerden ybarat?


Prezidentlige kandidat Abdylla Abdylla prezidentlik saýlawlary döwründe boldy diýilýän gaplyklar boýunça delillere seredýär, 25-nji awgust, 2009 ý. Prezidentlige kandidat Abdylla Abdylla prezidentlik saýlawlary döwründe boldy diýilýän gaplyklar boýunça de
Prezidentlige kandidat Abdylla Abdylla prezidentlik saýlawlary döwründe boldy diýilýän gaplyklar boýunça delillere seredýär, 25-nji awgust, 2009 ý. Prezidentlige kandidat Abdylla Abdylla prezidentlik saýlawlary döwründe boldy diýilýän gaplyklar boýunça de

ABŞ-nyň Owganystandaky we Yrakdaky öňki ilçisi Zalmaý Halilzad we ispaniýaly öňki diplomat we parahatçylyk ilçisi Fransesk Wendrell Owganystanda geçirilen saýlawlardan soňky ýüze çykan krizis bilen nädip baş alyp çykmalydygy barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy.

Saýlawlaryň yz ýany has güýçlenen krizisi başdan geçirýän ýurt üçin bu soraga tiz jogap tapmagyň ähmiýeti hasam artdy. Çözgüt tapylmasa, täze owgan hökümetine öňküsine garanda has ygtyýarsyz ýagdaýa düşmek howpy abanýar.

Talybanyň harby hereketleriniň güýçlenmegi hem meseläniň gaýragoýulmasyz çözülmegini talap edýär. Owganystanyň içinde we daşynda köpler 20-nji awgustda bolan saýlawlaryň fundamental gozgalaňçylaryň öňüni almakda ýardam berjegine garaşypdylar. Emma Hamid Karzaýyň ilkinji jemlere görä gazanan ýeňşi onuň syýasy garşydaşlarynyň aýyplamalary zerarly şübhe astyna düşdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ABŞ-nyň Owganystandaky we Yrakdaky ozalky ilçisi Zalmaý Halilzad we ispaniýaly diplomat Fransesk Wendrell Owganystandaky agyr krizisi çözmek meselesine öz garaýyşlaryny mälim etdiler.

Zalmaý Halilzadyň garaýşy

Owganystanda doglan Zalmaý Halilzad 2001-nji ýylyň 9-njy sentýbrynda Nýu Ýorkda we Waşingtonda bolan terrorçylykly hüjümlerden soň Birleşen Ştatlaryň şol wagtky prezidenti George Buşyň hökümetiniň Owganystan boýunça wekili edilip bellenilipdi.

2001-nji ýyldan başlap, 7 ýylyň dowamynda Halilzad Howpsuzlyk Geňeşinde Owganastana degişli meseleler bilen meşgullanypdy. 2001-nji we 2003-nji ýyllar aralygynda ol prezidentiň Owganystan boýunça ýörite wekili bolup, 2003-2005 ýyllarda bolsa ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisi bolupdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Zalmaý Halilzad Hamid Karzaýyň ýeňşi Merkezi Saýlaw komissiýasy tarapyndan tassyklanan ýagdaýynda owgan prezidentine berip biljek maslahaty barada şeýle diýdi: “Ol halkara jemgyýetçiliginiň Owganystandaky ýagdaýlara degişli adalatly nägileliklerini hasaba almaly. Meselem, korrupsiýa baradaky şikaýatlara we hökümetiň kanunlary durmuşa geçirmek boýunça planlaryna degişli tekliplere üns bermeli. Şeýle-de ýurduň ykdysady geljegi üçin çynlakaý çäreleri görmeli”.

Zalmaý Halilzad halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda käbir ýalňyşlyklary goýberenligini belläp, kiçi owgan goşunyny döretmek we ekstremistleriň goňşy Pakistandaky ojagyny ýok etmekden ýüz öwürmek ýaly meseleleri agzap geçdi.

Hamid Karzaýyň ýalňyşlyklarynyň onuň ABŞ bilen gatnaşyklaryna hem zyýan ýetirenligini Halilzad belledi. Şol bir wagtda-da ol halkara jemgyýetçiliginiň Owganystandaky ýagdaýdan çykalga tapmaga ýardam bermäge ukyplydygyny aýtdy. “Emma bu Owganystanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy saýlawlaryň geçirilişine degişli şikaýatlara garap, adalatly netijeleri yglan eden ýagdaýynda mümkin” diýip, Zalmaý Halilzad belledi we halkara jemgyýetçiliginiň Owganystan bilen hyzmatdaşlygynyň mundna beýläk has netijeli boljagyna umyt baglady.

Fransesk Wendrelliň pikiri

Ispaniýanyň öňki diplomaty Fransesk Wendrell 2000-2002-nji ýyllarda BMG-niň Owganystanda ýörite tabşyryklar boýunça ilçisi bolan we yz ýany, 2002 2008-nji ýyllarda, Ýewropa Bileleşigine wekilçilik eden döwründe Owganystanda alyp baran paýhasly syýasaty üçin öwgä mynasyp bolupdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Wendrell Owganystandaky şowsuzlykara Karzaý bilen bir wagtda halkara jemgyýetçiliginiň-de jogapkärdigini belledi.

Wendrelliň pikirne görä, Owgsytndaky esasy kemçilik talyplara garşy söweş alyp baran ýaragly toparlaryň ýolbaşçylayrnyň uly ygtyýarlyklara eýe bolmagyna bagly: “Iň esasy ýalňyşlyk 1990-njy ýyllarda Owganystana durnuksyzlyk getiren harby ýolbaşçylar bilen gatnaşyklary dowam etdirmekden we olary goldamakdan ybarat bolupdy. Üstesine Owganystanyň hökümetiniň, ýagny Kabuldaky hökümetiň güýç ulanmakda monopoliýasynyň bolmagy ugrunda hem ýeterlik çäre görülmedi. Hut şu kemçilikler şowsuzlyklara esasy sebäp boldy diýip, pikir edýärin”.

Francesk Wendrell Owganystanyň geljegine umytly garaýar. Ol ýurtda polisiýa, goşun bilen bilelikde milli we raýat edaralary, ilkinji nobatda-da sud hem döwlet häkimiýeti döredilen ýagdaýynda Owganystanyň durnukly we parahat döwlete öwrüljegine ynanýar.
XS
SM
MD
LG