Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German koalisiýasy möhüm synag bolar


Germaniýanyň kansleri we Hristian Demokratik Birleşiginiň lideri Angela Merkel saýlawlardan soňky metbugat konferensiýasynda, Berlin, 28-nji sentýabr, 2009 y.
Germaniýanyň kansleri we Hristian Demokratik Birleşiginiň lideri Angela Merkel saýlawlardan soňky metbugat konferensiýasynda, Berlin, 28-nji sentýabr, 2009 y.

Angela Merkeliň Hristian Demokratik Birleşigi bilen söwda tarapdary Erkin Demokratlar tebigy koalision partnýorlar hasaplanylýar.



Bu konserwatiw partiýalaryň ikisi-de hususy inisiatiwanyň tarapyny çalýar. Ikisiniň-de Germaniýanyň söwda we senagat töwerekleri bilen berk ilteşigi bar. Mundan daşgary olar ozal hem partnýor bolup, ýurdy bilelikde dolandyran partiýalar.

Guido Westerwlle ”Erkin Demokratlaryň” ýolbaşçysy: “Koalisiýa baradaky gepleşikler şu hepde başlanar. Men şu gün öýleden soň Hristian Demokratik Birleşigiň başlygy Angela Merkel bilen ikiçäk duşuşyp, gepleşikleriň wagt ýazgysy hem beýleki soraglar hakda gürleşerin. Hristian Demokratlar hem zerur meseleler we biziň bilen geçmeli gepleşikler barada özara pikir alşandyr diýip çaklaýaryn” diýip, Westerwelle duşenbe güni žurnalistlere aýtdy.

Westerwelle güýçli ýagdaýda

”Erkin Demokratlaryň” ýolbaşçysy Guido Westerwlle.
Westerwelle häzir güýçli ýagdaýda. Onuň partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 15 prosentini aldy. Bu partiýanyň öňki saýlawlarda munça ses alan mahaly ýok.

Beýeki tarapdan bolsa, Anjela Merkeliň ýagdaýy onçakly gowy däl. Sesleriň 34 prosenti Hristian Demokratlar üçin bir oňat netije hasaplanmaýar.

Westerwelle hem muny bilýär: “Biz bu gepleşiklerde öz programmamyzy ýol çelgi edineris. Halk bize şonuň üçin ses berdi. Şol sebäpden hem bu gepleşiklerde alyp bilenimizi alarys. Sebäbi Germaniýa üçin ýöredip boljak iň gowy syýasat şu programma. Biz kynçylyklaryň döredilýändigini bilýäris. Ýöne bularyň bary nädogry. Biziň ykdysady syýasatymyz işgärler üçin ýöredip boljak iň gowy syýasat” diýip, Westerwelle belledi.

“Erkin Demokratlaryň” programmasy

“Erkin Demokratlaryň” programmasynda tölenýän salgytlaryň çalt hem ep-esli dereje aşakladylmagy, hökümet tarapdan edilýän harajatlaryň azaldylmagy, döwletiň eýeçiligindäki zatlaryň hususylaşdyrylmagy, şeýle-de işçileri işe almak we işden boşatmak baradaky kanunyň gowşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Germaniýanyň Ykdysady Barlaglar Institutynyň başlygy Klaus Zimmermanyň pikiriçe täze koalisiýa öňde kyn işler garaşýar: “Ykdysadyýet saýlawyñ netijelerine herekete geçmek üçin bolan bir çakylyk diýip düşüner. Öňki hökümet döwründe edilmän galan işler edilmeli. Mysal üçin, demografik ösüş meselesine çözgüt, ýaşy barha artýan ilat, iş bazaryndaky özgerişler, öz hünärine ökde adamlaryň ýetmezçilik edýändigi ýaly meseleler. Beýleki tarapdan bolsa, bize uzak möhletli kabul ederlik durnukly sosial sistema gerek. Täze hökümetden edilýän talap köp” diýip, Zimmerman aýdýar.

Täzeden saýlanmagy mynasybetli dünýä ýolbaşçylary Anjela Merkeli gutladylar. Ýöne türk mediasy onuň ýene kansler bolmagy Türküýäniň Ýewropa Bileleşigine girmegini kynlaşdyrar diýýär.
XS
SM
MD
LG