Gepleşiklerde Türkmenistanyň Orsýet bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga eýerýänligi, onuň giň we konstruktiw dialogy ösdürmek arkaly Orsýetiň regionlary we iri senagat hem medeni merkezleri, şol sanda Sankt Peterburg bilen göni gatnaşyklary dowam etdirmekçidigi aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi maglumat çeşmeleri habar berdiler.
Sankt-Peterburgyň gubernatory Aşgabada saparynyň dowamynda Türkmenistanda ors dili günleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy we Orsýetiň döwlet kitaphanasynyň we orsýet neşirýatlarynyň sergisini açdy, şeýle-de Puşkin adyndaky ors-turkmen mekdebine baryp gördi.
W.Matwiýenko bilen duşuşygynda, G.Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, dünýä medeniýetiniň ykrar edilen ojagy, şeýle-de möhüm ykdysady, senagat, ylym-bilim merkezi we transport nokady bolan Sankt-Peterburgyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, türkmen-orsýet hyzmatdaşlygynda Türkmenistan üçin wajyp we strategiýa taýdan möhüm ugur bolup durýar. Bu barada W.Matwiýenkonyň Turkmenistana sapary bilen baglylykda TDH gullugynyň ýaýradan maglumatynda aýdyldy.
Aýratyn gatnaşyklaryň taryhy
Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyñ arasynda aýratyn gatnaşyk saklanyp gelýär. Şu ýylyň mart aýynda Türkemenistanyň prezidentiniň Orsýet Federasiýasyna saparynyň dowamynda G.Berdimuhamedow Sankt-Peterbuga hem barypdy. Şol döwürde Aşgabat bilen Sankt Petrburg arasynda göni howa gatnawy açylypdy. Sankt Peterburgda Dünýä Türkmenleriniň gumanitar assosiasiýasynyň bölümi we Türkmen medeniýetiniň “Mekan” atly jemgyýeti hereket edýär.
Tükrmenistanyň Orsýetiň Sank-Peterburg şäheri bilen aýratyn gatnaşyklarynyň sebäpleri barada Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünow şeýle diýýär: “Ýygjam gatnaşyk Sowet Soýuzy dargansoň başlandy. Onuňam iki sebäbini men görýärin. Saparmyrat Nyýazow öz döwründe Leningradda okady we onuň şol ýerde studentlik ýyllary geçip, onuň şähere bolan duýgulary esasynda gatnaşyklar ýola goýuldy diýip, men düşünýärin. Bu birinji we moral tarapy. Ikinjiden bolsa, Sankt-Peterburg ykdysady taýdan Orsýetiň uly söwda ojagy bolup durýar, gämileriň gelip durýan ýeri we daşary gatnaşyklar merkezleriniň biri bolup durýar”.
29-njy sentýabrda Sankt-Peterburgyň gubernatory W.Matwiýenko “Garaşsyz Turkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” medal gowşuryldy.
Arany sazlamak syýasaty
Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan W.Matwiýenkonyň Aşgabada saparyna Orsýetiň Türkmenistan bilen arasyny sazlamak boýunça syýasatynyň dowamy hökmünde garaýar.
“Onuň häzirki saparyna Gazprom bilen Türkmenistan arasyndaky ylalaşyksyzlyklar sebäp bolan bolmagy mümkin. Häzirki wagtda Orsýet hem Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hem-de häkimiýet başyndaky aýratyn toparlara täsir ýetirmäge çalyşýar. Munuň üçin türkmen-orsýet gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtalýar. Şeýlelikde W.Matwiýenkonyň Türkmenistana sapary Orsýetiň türkmen gazy boýunça syýasatynyň dowamydyr” diýip, A.Ulunýan belledi.
Ekspertiň sözlerine görä, öz döwründe Orsýetiň Gresiýada ilçisi bolup işlän W.Matwiýenko Orsýetiň daşary syýasatynda uly rol oýnaýan syýasatçy bolmasa-da, Türmenistanyň Sankt Peterburg bilen arada öňden gelýän aýratyn gatnaşyklary onuň täsirini güýçlendirýär. Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň Türkmenistana bolan söýgüsi üçin medal bilen sylaglanmagyny Artýom Ulunýan Türkmenistanyň Orsýet bilen aradaky gatnaşyklara ähmiýet berýänligini görkezmek islegi bilen baglanyşdyrdy.
Ýewroatlantik ugurdaky aktiwlik
“Aşgabat Ýewroatlantik ugurda aktiw syýasat alyp barýar. Munuň Moskwada makullanmaýanlygy hiç kim üçin syr däl. Şonuň üçin Orsýetiň täsirinden çykýanlygyny açyk görkezmek islemeýän türkmen ýolbaşçylarynyň öz häkimiýetine zyýan ýetirilmeginden we ykdysady mümkinçiliklerden mahrum bolmagyndan howatyrlanyp, Moskwa bilen arasyny bozmak we gapma-garşylyklary güýçlendirmek islemeýänligini çak etmek mümkin” diýip, A.Ulunýan belledi.
Şol bir wagtda-da ekspert köne düzgünleriň geçmişde galanlygyny bellemek bilen Moskwanyň täsirini dikeltmek synanyşyklary netije bermez diýip, hasap edýär.
Hyzmatdaşlygyň ugurlary
W.Matwiýenkonyň Türkmenistana saparynyň dowamynda Aşgabadyň täze ýol kompleksiniň düýbi tutuldy. Taraplar arasynda amala aşyrylýan iň uly proýekt bolan 12 obýektden ybarat “Gündogar-Günbatar transport koridory” atly kompleks St.Peterburgyň “Wozroždeniýe” senagat bileleşiginiň proýekti boýunça gurlar.
Sankt-Peterburgyň adminsitrasiýasynyň maglumatyna görä, W.Matwiýenko bilen Aşgabada sapar eden resmi toparyň düzümine Sankt-Peterburgyň iň iri senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylary girdi. Olaryň türkmen tarapyna dürli ugurlardan hyzmatdaşlygy teklip etmäge taýýardygyny aýdan Matwiýenko perspektiw ugurlaryň arasynda medeniýeti, sporty we syýahaty belläp geçdi.