Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby general Şamanowyň başy dertde


Orsýetiň desant goşunlarynyň ýolbaşçysy general-leýtenant Wladimir Şamanowyň bikanun hereketleri köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.
Orsýetiň desant goşunlarynyň ýolbaşçysy general-leýtenant Wladimir Şamanowyň bikanun hereketleri köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.

Ýokary derejeli harby ýolbaşçynyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmagy bilen bagly waka ýaňy-ýakynda Orsýet jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Orsýetiň “Nowaýa gazeta” neşiri tarapyndan geçirilen žurnalistik derňew netijesinde ýurduň desant goşunlarynyň ýolbaşçysy general-leýtenant Wladimir Şamanowyň bikanun hereketleri köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.

Orsýetiň Goranmak ministri tarapyndan wakany derňemek tabşyrygy berildi. Emma korrupsiýanyň gülläp ösen ýurdunda haýsy-da bolsa bir ýolbaşçynyň eden-etdilikleri paş edilende, onuň kanunyň öňündäki jogapkärçilik tarapy bilen birlikde jemgyýeti “ol kimiň ýoluny kesdikä?” diýen sowal hem gyzyklandyrýar. Şu temadan Mark Galeottiniň synyny dykgatyňyza hödürleýäris.

Mark Galeotti

Orsýetiň liberal “Nowaýa gazeta” neşiri desant goşunlarynyň ýolbaşçysy general-leýtenant Wladimir Şamanowyň jenaýatçylyk boýunça derňewiň öňüni almak üçin Moskwa öz garamagyndaky ýörite güýçleri iberenligini geçen hepdede habar berdi. Baş prokuraturanyň Derňewler boýunça komiteti Şamanowyň giýewsi Alekseý Hramuşiny 2006-njy ýylda biznes bäsdeşini öldürmek synanyşygynda güman edýär.

“Nowaýa gazeta” neşiriniň ýaýradan maglumatlaryna görä, Hramuşiniň eýeçiligindäki fabrigiň barlanjakdygy barada eşiden soň, Şamanow ýörite maksatlar üçin 45-nji aýratyn bölümiň esgerlerini iberip, desganyň daşyny gabamak we derňewçini saklamak tabşyrygyny berdi.

Bu waka köpçüligi geň galdyrmandy. Köp ýyllaryň dowamynda ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary özleriniň syýasy we harby ygtyýarlyklaryny baýamak we kanuny bozmak üçin peýdalanyp gelipdiler. Emma geçmişde Orsýetiň hökümeti şeýle wakalary azaltmak we ýok etmek ugrunda käbir çäreleri amala aşyrypdy.

Şu sapar Baş prokuratura maglumatlary paş etmäge rugsat berdi we Goranmak ministri Anatoliý Serdýukow derňew geçirmegi buýurdy.

Şamanowdan ara açylýar

Wladimir Şamanow özini töhmetçilikli kampanaiýanyň pidasy diýip atlandyrdy. Muňa garamazdan, ýurduň Baş ştabyndaky öňki ýaranlary Şamanowdan arasyny açyp başladylar. Bu wakanyň netijesinde Şamanowa has pes wezipä geçirilmek ýa-da has beteri masgaralanyp, işden kowulmak garaşýar.

Iş ýüzünde bu waka umytly täzelik hökmünde kabul edildi we ýurduň harby ýolbaşçylygy derejesindäki hyýanatçylyklara garşy hökümetiň çynlakaý çäre görüp başlanlygy baradaky çaklamalaryň döremegine sebäp boldy.

Şol bir wagtda-da iş ýüzünde optimizm üçin esas köp däl. Birinjiden, Şamanowyň işiniň özboluşly aýratynlyklary bar. Gödegräk we güýçli adam bolan Şamanow Orsýetiň güýçlerine Çeçenistanda we 2008-nji ýylyň awgust aýynda Gürjüstanda ýolbaşçylyk edipdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar ony Demirgazyk Kawkazdaky harby kampaniýalaryň dowamynda adamzada garşy ýüze çykan jenaýatçylyklara gatnaşanlykda aýyplapdyrlar.

Ol öz kärdeşleriniň arasynda sylanýan, emma göwün berilmeýän adam. Onuň bilen iş salyşýanlaryň we ýaranlarynyň sany hem köp däl. Onuň esasy ýalňyşlygynyň ýazylmadyk düzgünleri bozanlygy bilen bagly bolmagy hem mümkin. Onuň seresaplylygy elden berip eden herektleriniň Kremliň göwnünden turmajagyny hem çak etse bolar.

Syýasy medeniýete kök uran mesele

Ýurduň ýaragly güçleriniň syýasata goşulmak gorkusy Orsýetiň syýasy medeniýetinde çuňňur kök uran mesele bolup durýar. Şamanowyň öz häkimiýetinden peýdalanyp, Moskwa ýörite goşunyň esgerlerini ibermek tabşyrygy Kremliň ýaragly güýçlere netijeli gözegçiliginiň agsaýanlygynyň üstüni açdy.

Ýene bir tarapdan, bu waka korrupsiýa üçin amatly pursatyň döremegine garaşýan resmileriň jenaýatçylyklaryna goşmaça ünsi çekdi. Meselem, Goranmak ministrliginiň ykdysady çökgünlilik şertlerde özüne zerur bolmadyk ýer giňişliklerini we emlägini satmagy bikanun girdejileriň peýda bolmagyna amatly pursat döredýär.

Iň uly girdejiler bolsa, ýurduň harby reformasyna degişli planlar bilen üpjün edilýär. Ýurduň goranmak pudagynyň maliýe üpjünçiligi soňky ýyllarda yzygiderli artdyrylýar we 2010-njy ýylda onuň ýene 8% köpelmegine garaşylýar.

Şol bir wagtda-da prezident Dmitriý Medwedew özüni korrupsiýa garşy göreş alyp barýan ýolbaşçy hökmünde görkezmäge çalyşýar. Öz nobatynda korrumpirlenen ýokary derejeli harby ýolbaşçylar Şamanowyň işi sebäpli Kremliň korrupsiýa garşy çynlakaý çäre görüp başlamagyndan howatyrlanýarlar.

Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG