Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekologik problemalar möhüm dälmi?


Territoriýasynyň 80%-den gowragyny Garagum hem Gyzylgum çölleri tutýan Türkmenistanyň tebigaty näzik, ynjyk, şol ýagdaý häzir has-da ýiti duýulýar. Ekologik deňagramlylyk sähelçe bozulsa, soň düzetmesi kyn netijelere getirmegi mümkin.


Sazakdurdy Gojaýew


Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda Garabogaz kölüniň başyna getirilen betbagtçylyk, onuň soňundan düzedilişi, ýöne şol arada dörän ekologik problemalar köpleriň ýadyndadyr. Şu işden türkmen häkimiýetleri häzir degişli netije çykarýarmy? Muňa bir söz bilen “hawa” ýa “ýok” diýip, jogap bermek kyn.

Garagumy kesip geçýän Aşgabat-Daşoguz, Demirgazyk-Günorta demir ýollary, Farap-Türkmenbaşy awtomobil ýoly, Türkmenistan-Hytaý gaz turbasy, öňden işläp duran we täze açylýan gaz ýataklary, uzynlygy 123, ini 19 kilometrlik ortaça çuňlugy 19 metr, suwunyň ýüzüniň meýdany 2 müň kwadrat kilometr bolan türkmen köli haýsy garaşsyz ekologik ekspertizadan geçdi? Bu barasynda Türkmenistanyň graždanlaryna hiç zat aýdylmaýar.

Suw serişdeleri

Öz wagtynda Türkmenistanyň eklogik ýagdaýy göz öňünde tutulman gurlan Garagum kanaly ýüz müňlerçe gektar meýdanda ýerasty suwlaryň ýokary galmagyna, topragyň ýüzüniň duz bilen örtülmegine getiripdi.

Häzirki türkmen köli şol hatany düzetmek üçin gururlýar. Ýöne köle her ýyl 10 milliard kubometr şor suwlary eltýän, umumy uzynlygy 2654 kilometr zeýkanallaryň, emeli usulda döredilen kölüň özi ýene 10-15 ýyldan has ulurak ekologik betbagçylyga getirmezmi? Bu sowala şu gün jogap tapmak mümkin däl.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň her ýylky ulanýan suw serişdeleri 25 milliard kub kilometre barabar. Şonuň 23 kubmetri ekinleri suwarmaga sarp edilýär. Onuň ýarsy topraga siňip, şor, minerallaşan ýaramsyz suwa öwrülýär.

Munuň öňüni alyp bolarmy?

Elbet-de, munuň öňüni alyp bolar. Onuň üçin suw akabalarynyň ählisini betonlamaly ýa-da beýleki usullar bilen suwuň topraga siňmeginiň öňüni almaly. Ekinleri, baglary diňe damjalaýyn usullar bilen suwarmaly. Bu bolsa 25 milliarddan 15 milliard kubkilometr suwy tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şol tygşytlanan suwuň hasabyna ekerançylyk meýdanlaryny ýene 2-3 esse giňeltmek bolar. Şeýle edilse, türkmen kölüne şor suwlary akdyrmak zerurlygy aradan aýrylar.

Häzir täze açylýan gaz känleri, ýeriň aşagyndan çykarylan tebigy gazy arassalamak üçin alnyp barylýan işler gazyň düzümindäki kükürdiň belli bir böleginiň howa aralaşmagyna getirýär.

Hut şu günler şol gaz känleriniň golaýynda dem alar ýaly däl. Howadan kükürdiň ysy aňkap dur. Şol töwerekde işleýänleriň we ýaşaýanlaryň arasynda dem alyş ýollarynda döreýän hem öýken keselleri beýleki ýerlerde ýaşaýanlar bilen deňeşdirilende birnäçe esse ýokary.

Täze-täze gaz arassalaýjy stansiýalaryň, gazy suwuklandyrýan zawodlaryň gurulmagy bilen tutuş ýurduň howasy zäherlenmezmi?

Köýtendagda uly gurluşyk başlanýar

Ýakyn aýlarda Türkmenistanyň iň gözel künjekleriniň biri – Köýtendagda Merkezi Aziýa regiony boýunça iň uly dag-magdan kombinatynyň hem sement zawodynyň gurluşygy başlanýar. Şolaryň ikisi-de ekologiýa taýdan zyýanly, töwrek-daşyň abatlygyna, arassalygyna paýhynlaýjy zarba urup biljek obýektler.

Eýse, şol zyýanlaryň öňüni almak üçin nähili çäreler görler? Ýerli ilatyň, tutuş Türkmenistanyň graždanlarynyň bu zatlary öňünden bilmäge hukugy ýokmy?

Ýene bir möhüm zat - soňky wagtlar Türkmenistanyň dürli regionlarynda gurulýan binalarda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň ekspertizasy. Mälim bolşy ýaly her bir zatda belli bir derejede radiasiýa bar. Daşardan getirilýän we özümizde öndürilýän gurluşyk materiallarynyň, demirdir plastmassalaryň radiasiýa derejesini kim barlaýar?

Gynansak-da, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde bu barasynda maglumat berilmeýär, ekolog alymlaryň pikirleri çap edilmeýär. Bu agzalan meseleler halkyň saglygy, döwletiň abadanlygy üçin günübirin baş galdyrylmaly problemalar dälmi?

Sazakdurdy Gojaýew türkmenistanly ekolog alym. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG