Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obamanyň howpsuzlyk geňeşçisi Owganystanda «synmak howpuny» görmeýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Owganystanda Al-Kaýdanyň gatnaşygy görnetin kemeldildi diýdi.

Jeýms Jones SSN-de eden çykyşynda Owganystanda basym Talybanyň üstün çykmak ähtmallygy ýok diýdi. Ol bu gürrüňi Owganystanda jeňçiler bilen bolan söweşde 8 amerikan esgeri öldürilenden soň etdi.

Owganystandaky amerikan hem NATO güýçleriniň komandiri general Stanliý MakKristal ol ýerdäki ýagdaýy «çynlakaý» atlandyrýar.

Onuň ýaşryn synynda aýdylýan zatlar geçen aý metbugata syzdy. Generalyň pikirine görä, eger Owganystanda hökümet synsa, bu ýurt ýene terrorçylygyň bazasyna öwrülip biler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG