Polisiýanyň ilkinji subutnamalara esaslanyp aýtmagyna görä, hüjümçi 20 ýaş töwereklerinde. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň jaýyna howpsuzlyk işgärleriniň eşigi bilen giripdir.
Hüjüm bu jaýlaryň goralyşy barada köp soraglara getirdi. Şeýle hem bu partlamanyň Dünýä Azyk Programmasy ýaly garyp we aç pakistanlylara kömek üçin iş alyp barýan guramalaryň işlerine päsgel berer diýip, pikir edilýär.
Garyp pakistanlylary azyk bilen üpjün etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň bu jaýynda 70 töweregi adam işleýärdi. Hüjüm wagtynda Britaniýanyň goranmak we içeri işleri ministerleri Yslamabatdadylar. Ýöne olara ýeten zyýan ýok.
Päkistanyň Medisina Ylymlary Institutynyň sözçüsi Waseen Hwajanyň aýtmagyna görä, ölenleriň arasynda bu edarada işleýän bir yrakly hem-de azyndan 2 pakistanly aýal bar. “Bu ýere 4 agyr ýaraly adam getirildi. Şeýle hem 3 jeset getirildi”.
Hakimullah Mehsuda şübhe edilýär
Bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan topar entek ýok. Ýöne Swad jülgesindäki pakistanly taliban söweşijıleri we olaryň ýolbaşçysy Hakimullah Mehsuda şübhe edilýär. Ol ýaňy Päkistan we Birleşen Ştatlaryň garşysyna täze hüjümlere geçiljekdigini aýtdy.
Hakimullah Mehsud ýekşenbe güni žurnalistlere öz söweşijıleriniň awgust aýynda amerikanlaryň bir raketa hüjüminde ölen pakistanly talibanyň öňki ýolbaşçysy Baitullah Mehsudyň ganyny aljakdyklaryny aýtdy.
Ol şeýle hem Päkistanyň Owganystan bilen serhetdeş regionlarynda hüjümleriň köpelendiginden zeýrendi.
Analistleriň aýtmagyna görä, Swad jülgesiniň özünde hem töwereginde goşun tarapdan ençeme aýlap hüjüme uçran pakistanly taliban söweşıjıleri öz toparlaryny indi täzeden düzüp ýörler. Öten ýyl bolan hüjümlerde bu söweşijı toparyň ýolbaşçylaryndan köp adam öldi.
Baitullah Mehsudyň ölüminden soň ýolbaşçylyk ugrunda turan dawalarda Hakimullah Mehsudyň hem ölendigine ynanylýardy. Baitullah Mehsud Päkistanda beýleki terroristerden köp agtarylýan hem gorkulýan terroristleriň biridi.
Yslamabatda häkimiýetler ony öňki premýer-ministr Benazir Bhuttonyň öldürilmegini hem planlanlaşdyranlykda aýyplaýardylar.