Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda Besij toparynyň başlygy täzelendi


Besij toparynyň türkmen agzalary Tährandaky parada gatnaşýarlar, 22-nji sentýabr, 2009 ý.
Besij toparynyň türkmen agzalary Tährandaky parada gatnaşýarlar, 22-nji sentýabr, 2009 ý.

Eýranyň ýokary derejeli dini lideri, Ynkylabyň sakçylarynyň hatarynda birnäçe özgerşikler amala aşyryp, täze komandirleri belledi, olardan iň möhümi ýaragly Besij toparynyň başlygyny täzelemek, topar bolsa protestleri basyp ýatyrmakda esasy ol oýnap gelýär.

Aýatolla Hameneiniň ýaragly “Besij” toparynyň komandiri Huseýin Taebiň ýerine brigada generaly Muhammet Reza Nagdi bellenildi.

Adam hukuklaryny goraýjy HRW topary 12-nji iýuldaky saýlawlardan soňra oppozisýanyň protestlerinde tussag edilenleriň gynalmagynda hem-de öldürilmeginde Taebiň oýnan roly hakynda derňew geçirilmelidigini aýdýar.

Besijiň täze komandiri howpsuzlyk resmilerinden Muhammet Reza Nagdi prezident Muhammet Hateminiň döwründe reformaçylary basyp ýatyrmakdaky hereketlere goşulypdy.

Şeýle-de Nagdiniň 1997-2005-nji ýyllar aralygynda studentleriň protestini basyp ýatyrýandygy we şäher şurasynyň birnäçe agzasyny tussaglykda gynanlygy-da aýdylýar.

1999-njy ýyldaky studentleriň gozgalaňynyň basylyp ýatyrylmagynda-da Nagdynyň rol oýnandygy öňe sürülýär.

Näme üçin Nagdä ynanyldy?

Ýaragly “Besij” toparynyň ozalky agzasy, häzir bolsa Berlinde ýaşaýan Eýranly žurnalist Amir Farshad Ebrahimi, Nagda bu wezipäniň ynanylmagynyň onuň soňky wagtlardaky protestleri berk basyp ýatyrmagy bilen baglydygyny öňe sürýär.

«Saýlawlardan soňra tussag edilip, soňra azatlyga çykanlar, şol sanda Kahrizekden erkinlige goýberilen birnäçe adam bilen duşuşdym, olar maňa sorag edýän toparyň başlygynyň Şames diýen biridigini aýtdylar, Şames bolsa Nagdynyň ýasama ady» diýip, Ebrahimi aýdýar.

Saýlawlardan soňraky protestleri basyp ýatyrmakda “Basij” esasy rol oýnady, şonda oppozisiýadan 72 adamynyň öldürilendigi çäk edilýär.

HRW protestler döwründe, ylaýta-da studentleriň umumy ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümde azyndan 5 studentiň wepat bolmagy bilen bagly Taebiň garşysyna derňew geçirilmelidigini aýdýar.

Syýasy dartgynlylyk

“Yslamy ynkylaby goraýan” ýaragly güýçleri esaslandyranlardan biri, häzir Waşingtonda ýaşaýan, Eýranda hereket edýän “Ýaşyllar” hereketine goldaw berip gelýän Mohsen Sazgara aşa berk liniýanyň, oppozisýa garşy berk kararynyň nyşanasy diýip belleýär.

«Soňky wezipä bellenişikler oppozisiýa bilen konserwatorlaryň arasyndaky syýasy dargtynlygy köşeşdirmekde araçy bolmak isleýänleriň tagallasyny puja çykardy» diýip, Sazgara aýdýar.

Radiomyzyň pars gullugy “Farda” radiosynyň harby meseleler boýunça analitigi Husseýin Arýan täze komandir bellemek bilen Hamenei ýaragly “Besij” toparyna öz kontrollygyny artdyrmaga synanyşýan bolmagy mümkin diýdi.

«Kameni Rewolýusiýion gwardiýanyň hatarynda deňagramlylygy saklamaga synanyşyp, prezident Ahmedinejad bilen oňa has ýakyn durýan gwardiýanyň başlygy general-maýor Jafariniň arasyndaky güýji synajak bolýar, sebäbi syýasy taýdan “Gwardiýa” bütewi bir gurama däl, onuň hatarynda dürli fraksiýalar bar.» diýip, Arýan aýdýar.

7-nji oktiýabrdaky çykyşynda Jafary “Gwardiýanyň” we “Besijiň” esasy maksadynyň yslamy gurluşa ýumşak hem aram howp saýylýanlara garşy durmakdan ybaratdygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG