Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günä geçiş guramasy ölüm jezasyna protest bildirýär


Gara maska geen we boýunlaryna syrtmak salan aktiwistler Moskwadaky belarus ilçihanasynyň öňünde ölüm jezasyna protest bildirdiler.

Belarus Ýewropada şindem ölüm jezasyny ulanýan ýeke-täk ýurtdur. Penşenbe güni Halkara günä geçiş guramasy tarapyndan gurnalan proteste ondan gowrak adam gatnaşdy.

Bu protest Belarusyň Ýokary sudunyň alty sany garry aýaly öldüreni üçin ölüm jezasy berlen adamyň şikaýatyny yzyna gaýtaran gününden soň guraldy.

Halkara günä geçiş guramasy belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenkony ol adamy halas etmäge çagyrdy.

Lukaşenko häkimiýetde oturan 15 ýylynyň içinde şunuň ýaly diňe bir adama rehim edipdir.
XS
SM
MD
LG