Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kasýanowyň «Putinsizi» Putini paş edýär


Prezident Wladimir Putin (sagda) bilen premýer-ministr Mihail Kasýanow, 16-njy iýun, 2003ý.
Prezident Wladimir Putin (sagda) bilen premýer-ministr Mihail Kasýanow, 16-njy iýun, 2003ý.

Boris Ýeltsiniň syýasy elitasynyň agzasy we Putiniň prezidentliginiň irki ýyllarynda premýer-ministr bolan Mihail Kasýanowyň täze kitabynda onuň syýasy elitadan syýasy oppozisiýa geçişiniň jikme-jiklikleri gürrüň berilýär.

Kasýanowyň «Putinsiz» diýen at bilen çap edilen kitabynda şindiki premýer-ministr we öňki prezident ýiti tankyt edilýär hem-de Putiniň öz öňki hojaýyny Boris Ýeltsini «altyn kapasa» gabap, ony ölmezinden öň öz tarapdarlaryndan üzňe saklandygy aýdylýar.

Dabara uludan tutuldy. Arak-şerap suw bolup akdy. Howany sigaryň goýy tüssesi gaplap aldy. Hatda bir kitaphon gelip, dabaranyň myhmanyndan öz köýnegine awtograf, ýadygärlik ýazgysyny ýazyp bermegini hem haýyş etdi. Ýöne bu dabara ady belli sahna ýyldyzy bilen däl, eýse öňki premýer-ministr we şindiki oppozisiýa lideri Mihail Kasýanowyň täze kitaby bilen baglydy.

Putiniň ady kän agzalýar

Kasýanowyň «Putinsiz» diýen kitaby.
Täze kitap «Putinsiz» diýlip atlandyrylanam bolsa, öňki prezident we şindiki premýer-ministr Wladimir Putiniň ady onda kän agzalýar. Başga zatlar bilen bir hatarda Kasýanow Putiniň öz öňki hojaýnyna, 1999-njy ýylda perzidentlikden çekilende kän bir tanalmaýan adam bolan Putini öz ýerine goýan Boris Ýeltsine garşy işländigini aýdýar. Onuň tassyklamagyna görä, Ýeltsin «altyn kapasada», öz tarapdarlaryndan we syýasy durmuşdan çetde saklanypdyr.

Aýdylmagyna görä, Ýeltsin 2006-njy ýylda öz öýünde 75 ýaşynyň toýuny toýlamak isläpdir. Emma, Kasýanowyň ýazmagyna görä, Ýeltsin öz doglan gününi Kremlde, myhmanlaryň sanawynyň berk gözegçilige alynjak ýerinde bellemäge mejbur edilipdir. Kasýanow bu dabara çagyrylmandyr. Soňkusy ýyl bolsa Ýeltsin aradan çykypdyr.
Putin döwründe dört ýyl premýer-ministr bolup, soňra işden aýrylan Kasýanow öz kitabynda putinçiligiň ýurdy getiren petigine çuň nazar salýar.

«Ýurt öz taryhyndaky iň kyn döwre girdi. Bu ýolbaşçylardan, bu ketdelerden hiç hili oňyn özgerişlige garaşyp bolmaz. Ondan ötri, islesek- islemsek, bize öňde has kyn günler garaşýar. Käbirleri bu durgunlyk döwri bolar diýýär. Menem bu pikir bilen razylaşýan. Ýöne bu Brežnew döwründäki durgunlyk bolmaz. Biziň şol döwrüň kitaplaryndan we kinolaryndan bilşimiz ýaly, Brežnew ýowuz adam däldi. Ýöne indi biz käte adamlaryň ykbalyna ýowuz daraşylýanyny görýäris» diýip, Kasýanow aýdýar.

Esasy tankyt edilýän hem Putin

«Putinsiz» Kasýanow bilen žurnalist Ýewgeniý Kiselewiň arasyndaky söhbetdeşlikler tapgyry görnüşinde ýazylypdyr. Mälim bolşy ýaly, ýiti sözli žurnalist Kiselewiň ýyldyzy hem Putiniň režimi döwründe öçügsileşipdi.

«Eger 2004-nji ýylyň başynda men Orsýet Federasiýasynda ikinji orunda otyrkam, biri maňa üç ýyl çemesi wagtdan OMON seni Moskwanyň eteginde zor bilen tussag etjek bolar diýse, men muňa gülerdim» diýip, Kasýanow ýazýar.

Kitapda esasy tankyt edilýän adam Putin. Kasýanow Putiniň prezidentliginiň irki ýyllarynda ondan göwnüniň galan ýerlerini birme-bir kagyza geçiripdir. Ol 2004-nji ýylda Beslan mekdebinde bolan betbagtçylygy mysal getirýär. Soňra ol Putiniň wertikal, dikleýin häkimiýet gurşuny we ähli ygtyýarlygy merkezde jemleýşini hem-de özüniň oppozisiýa geçmäge mejbur bolşuny gürrüň berýär. Şeýle-de ol Putiniň “Ýukos” energiýa läheňiniň öňki başlygy Mihail Hodorkowskä çemeleşmesinden lapykeç bolşuny ýazýar.

Hodorkowskiý 2003-nji ýylda salgytdan gaçmakda aýyplanyp tussag edilmezinden öň Orsýetdäki iň baý adamlaryň biridi. Hodorkowskiý Putini syýasy gürrüňleri bilen öýkeledipdi we köp kişi onuň syýasy sebäpler esasynda tussag edilendigini aýdýar. Ol häzir sibir türmeleriniň birinde sekiz ýyl türme tussaglygynda otyr. Şindiki suduň bolsa oňa goşmaça onlarça ýyl iş kesmegi mümkin.

Kasýanow premer ministr hökmünde Hodorkowskiniň tussag edilmegine garşy çykypdy we özüniň öňki oligarhyň täze sudunda şaýat bolup çykyş etmäge taýyndygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG