Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ – Merkezi Aziýa söwda we inwestisiýa gatnaşyklary maslahatlaşyldy


Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda ministrleri maýa goýumlary we söwda gatnaşyklary barada gepleşikler geçirmek üçin Waşingtona geldiler.

Birleşen Ştatlaryň yörite söwda wekiliniň orunbasary Demetrios Marantisiň sözlerine görä, Amerika Owganystandaky operasiýalary üçin köp haryt ýollamak we hyzmatlar barada Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan dogrysynda planyň proýektini taýýarlaýar.

Has köp ýardam

Marantisiň Merkezi Aziýa bilen söwda barasynda 7-nji oktýabrda Waşingtonda geçiren metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletleri Amerika we NATO güyçlerine Owganystanda durnuklylyk üçin kömek edýär. Emma, olar bu ugurda has köp ýardam hem edip bilerdiler.

Şol metbugat konferensiýasy geçen jaýda Özbegistanyň daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Ganyýew, Türkmenistanyň we Täjigistanyň ykdysadyýet hem ösüş ministrleri Bäşimmyrat Hojamämmedow, Gulomjon Babozoda, Gyrgyzystanyň Ykdysadyýet we söwda ministriniň orunbasary Alyýew, Gazagystanyň senagat we söwda ministriniň orunbasary Aýtjanowa, Owganystanyň söwda we senagat ministri Şahrani hem bardy.

Owganystandaky operasiýalar

Amerikanyň ýörite söwda wekiliniň orunbasary Marantisiň ýene-de bellemegine görä, onuň edarasy ABŞ-nyň Owganystandaky operasiýalary üçin harytlar ýollamak we hyzmatlar üçin Merkezi Aziýanyň mümkinçiliklerini ösdürmek barada Amerikanyň Goranmak departamenti hem edaralary bilen işleşýär.

Marantis bu tagallalaryň regionda sermaýa ýatyrylmagy we täze iş orunlarynyň açylmagy üçin täze mümkinçilikleri döretjekdigini sözüne goşdy.

Birleşen Ştatalar Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda we inwestisiýa barasynda ylalaşyga 2004-nji ýylda gol goýdy. Amerikanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdany hem regionda ýatyrylýan sermaýany ösdürmegiň ýollaryny tapmak üçin taraplar yzygiderli duşuşyklary geçirýärler.

Iki ýol bilen ösdüriler

ABŞ-nyň resmi wekili Demetrios Marantisiň sözlerine görä, prezident Obamanyň adminstrasiýasy bu ylalaşygy iki ýol bilen ösdürmekçi. Birinjiden, her ýylyň ortalarynda işçi toparynyň duşuşygyny geçirip, yzygiderli maslahatda gozgalýan meselelere we öňe sürülýän inisiatiwalara garamak. Ikinjiden, regiona çemeleşmäni jemlemek baradaky dialog üçin ikitaraplaýyn kanallary döretmek.

Şu gün ABŞ-nyň Goranmak ministlriginiň ýokary derejeli resmileri we Merkezi Aziýaly ministrler gysga wagtlaýyn duşuşyk geçirdiler. Ol Amerikanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda hem inwestisiýa ylalaşygynyň çäginde geçirilýän maslahat wagtynda body.

Dünýä Söwda Guramasy

Hepdäniň başlarynda Gazagystanyň senagat we söwda ministriniň orunbasary Janar Aýtjanowa öz ýurdunyň Dünýä Söwda Guramasyna girmek isleýändigini aýtdy.

Gazagystanyň, Orsýetiň we Belarusyň arasynda erkin söwda zonasy bar. Aýtjanowa Gazagystanyň Dünýä Söwda Guramasyna goşulmak aladasyny toparyň agzalarynyň, aýratynda Ýewropa Bileleşiginiň we ABŞ-nyň goldaýandygyny “Roýters” agentligine aýtdy.

Gazagystan, Orsýet we Belarus geçen asyryň 90-njy ýillaryndan bäri Dünýä söwda Guramasyna goşulmak ugrunda alada edýärler. Yöne olaryň bu aladalary entek üstünliksiz.
XS
SM
MD
LG