Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanda ýaragly hüjümçi tussag edildi


Şu gün irden Pakistanyň harby güýçleri ýurduň Rawalpindi şäherindäki polisiýa edarasynda zamun alnyşygy gurnan ýaragly hüjümçilerden iň soňkusynyň hem tussag edilendigini habar berdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýaragly söweşijileriň bir topary şenbe güni irden Pakistanyň Rawalpindi şäherindäki polisiýa edarasynyň howlusyna hüjüm edip, ol ýerde onlarça adamy zamun alypdylar. 22 sagat dowam eden ikitaraplaýyn atyşyklaryň barşynda ýurduň howpsuzlyk güýçleri zamunlykdaky 39 adamy gabawdan halas etdiler. Bu operasiýanyň dowamynda ýaragly hüjümçilerden dördüsi we zamunlykda saklananlardan hem üçüsi öldi. Halas ediş operasiýasynyň barşynda bolsa howpsuzlyk gullugynyň iki işgäri atylyp öldürildi.

Pakistandaky talyp toparlary bu hüjümi özleriniň gurnandyklaryny tassyklap, maglumat ýaýratdylar.


XS
SM
MD
LG