Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki saýlawlarda «Ýedinaýa Rossiýa» ýeňiş gazandy


Düýn Orsýetde şäherleriň, regionlaryň we raýonlaryň ýerli Geňeşlerine geçirilen saýlawlarda ýurduň Kremle tarapdar dolandyryjy partiýasy bolan «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasy uly gerimde ýeňiş gazandy.

Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasy deslapky netijelere salgylanmak bilen, ýerli Geňeşleriň ählisinde diýen ýaly «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny habar berdi. Bu ýerli Geňeşlere saýlawlar Orsýetiň 83 regionyndan 76-synda geçirildi.

Oppozision partiýalardan dalaş eden kandidatlar we saýlawlara gözegçilik eden käbir synçylar, saýlawlaryň barşynda giň gerimde galplyklara ýol berlendigini we prezident Medwedýewiň demokratiýany ösdürmek baradaky wadalarynyň ýerine ýetirilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG