Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň günorta flangyny düzýän Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Orsýet bilen gatnaşyklary soňky wagtlar göze ilerlikli yza gaýdyşlyklary görkezýär.
Özbegistan Kremliň keýpini bozýar
Özbegistan soňky wagtlar Orsýetiň öňbaşçylygyndaky howpsuzlyk guramalarynyň işinden özüni birneme daşlaşdyrmak bilen Kremliň keýpini bozup gelýär.
Mundan daşgary, ýakynda Özbegistanyň häkimiýetleri ýurduň tebigy gaz önümçiligine gatnaşýan Orsýetiň kompaniýalarynyň aljak girdejilerine uly salgyt salmak barada-da kanunyň proýektini kabul etdiler.
Täjigistan we Türkmenistan
Täjigistanyň häkimiýetleri öz gezeginde indi Orsýetiň goşunlarynyň Täjigistandaky harby bazalary ulanmaklary üçin kärende tölegini tölemeklerini talap edýärler. Şol bir wagtda rus harbylarynyň ýakynda Täjigistanyň bir raýatyny atyp öldürmekleri ýurduň ilatynyň arasynda gahar-gazaby öjükdirdi.
Türkmenistan barada aýdylanda bolsa, gaz söwdasy meselesinde Moskwanyň özüni alyp barşyndan Aşgabat asla hoşal däl. Şu ýylyň aprel aýynda iki ýurduň arasyndaky esasy gaz turba geçirijisiniň ugrunda partlama ýüze çykaly bäri Türkmenistanyň Orsýete gaz eksporty henizem gaýtadan dikeldilmän gelinýär. Bu partlamanyň ýüze çykmagynda türkmen tarapy Orsýetiň «Gazprom» kompaniýasyny aýyplapdy.
Özbek, gazak, täjik we türkmen prezidentleri barmady
Bu wakalaryň fonunda geçen anna güni, 9-njy oktýabrda Moldowanyň paýtagty Kişinýowda gurnalan GDA döwletleriniň sammitine Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň gatnaşmajakdyklary belli bolanda, bu käbir geňirgenmeleri döretdi. Döwlet liderleriniň ýerine bu ýurtlardan Kişinýow sammitine birneme pes derejelerdäki resmiler bardylar.
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň GDA-nyň nobatdaky sammitine barmazlyklary bu ýurtlarda täsiri duýulýan Orsýete garşy olaryň gönderen alamatlary bolmagy mümkin diýen çaklamalary döretdi.
Mundan ötri, bu sammite Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň barmazlygy welin, bütinleý garaşylmadyk waka boldy. Mälim bolşy ýaly, Gazagystan GDA bileleşigini goldaýan iň esasy döwletlerden biri hasaplanylýar. Emma, muňa garamazdan, GDA döwletleriniň Sammitine prezident Nazarbaýewiň barmazlygynyň sebäbini welin, Astana düşündirjek hem bolup durmady.
Postsowet giňişligindäki islegsizlik
Şu ýylyň tomsunda postsowet bileleşiklerinden formal ýagdaýda çykan Gürjüstanyň wekilleri bu gezekki GDA sammitine asla gatnaşmadylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Özbegistan Orsýetiň täsirine iň bir tutanýerli garşylyk görkezip gelýän ýurt hasaplanylýar. GDA sammitlerine ozallaram onuň gatnaşmadyk gezekleri az bolmandy.
Soňky ýyllar Özbegistan Orsýet tarapyndan öňbaşçylyk edilýän Kollektiwleýin Howpsuzlyk guramasyndan hem özüni çete çekýär. Ýakynda bu guramanyň geçiren harby türgenleşiklerine bolsa, Daşkent asla öz harbylaryny ugratmady.
Düýbi Londonda ýerleşýän Jane’s maglumatlar merkeziniň Ýewroaziýa meseleleri boýunça analitigi Matýu Klements Kollektiwleýin Howpsuzlyk guramasynyň çalt hereket edýän ýörite güýçlerini döretmek baradaky Moskwanyň planyny Daşkendiň goldamandygyny aýdýar.
Türkmenistan GDA bileleşigine doly derejeli agza bolmasa-da, ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammite barmazlygy hem göze ilen wakalardan biri boldy. Näme üçindir Täjigistanyň prezidenti Imomoli Rahmon bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda geçiren duşuşyklary hut GDA sammitiniň geçirilen gününe gabat geldi.