Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Päkistana 7 milliard dollarlyk kömek berer


Ak Tamdan gelen habara görä, düýn ABŞ-nyň prezidenti barak Obama 5 ýylyň içinde Päkistana 7 milliard dollardan ybarat kömek pulyny bermek baradaky permana gol çekipdir.

Bu serişdelerden bir ýarym millardy her ýyl Päkistanyň sosial hem ykdysady ösüşine gönükdiriler.

Bu serişdeleri bermek bilen ABŞ-nyň Päkistanda kadaly durmuşy dikeldip, ýurdy Talyplara hem Al-Kaýda garşy göreşmäge ukyply bolar ýaly etmek maksadynyň yzarlanýandygy maglumatda aýdylýar.

Mundan öň ABŞ-nyň Kongresi bu kömek pulunyň hiçbir şertsiz berilýändigini aýdyp, Päkistanyň özbaşdaklylygynyň bozulmajakdygyny wada berdi.


XS
SM
MD
LG