Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan senatory Jon Kerri Päkistana bardy


Yslamabada berilmeli amerikan maliýe kömegi bilen bagly oňşuksyzlyklary kadalaşdyrmak üçin Amerikan senatory Jon Kerri Päkistana bardy.

Waşingtonyň goýýan käbir şertleriniň Päkistanyň konstitusiýasyna bap gelmeýändigini Päkistan harbylary aýdýarlar.

Prezident Barak Obama bäş ýyllyk kömek baradaky dokumente eýýäm gol çekdi. Onuň umumy möçberi ýedi ýarym milliard dollar. Şol ylalaşyň baş awtory senator Kerrididr.

Owganystandaky we Yrakdaky harby operasiýalara jogapkär, ABŞ–nyň merkezi komandowaniýesiniň baştutany general Deýwid Petreus hem häzir Päkistanda.
XS
SM
MD
LG