Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanun - kanun bolýar


Gizläp oturjak däl. Indi on ýyl bäri nas atmak meniň iň bir ýaramaz endiklerimiň biri bolup dur. Ýaşaýan sebitim Lebap welaýaty bolansoň, nasa bu ýerde gaty tiz endik edilýär. Lebap welaýatynda nas üçin temmäki ekilýär. Çilim bilen deňeşdireniňde nasyň bahasy has arzan. Bu ýerde nasy satyn almakda-da kän bir kynçylyk çekilenok.

Gazanç üçin meniňem il deňinde aram-aram paýtagta gidäýmäm bolýar. Geçen gezek şähere diýip gaýdanymda ýaramaz endigim sebäpli men «täsin» başdan geçirmeleriň «gahrymany» boldum.

«Parahat» mikroraýonynyň ýanyndaky bazaryň dükanjygyndan çykyp, öňki endigime görä, nas ataýmanmy! Ynha, nireden çykanyny kim bilýä, graždan eşikli biri alkymyma dykylyp geldi. Bir zatlar soran boldy. Menem sadalygym bilen, agzymy pakgyldadyp jogap berdim. Şundan soň ýaňky jübüsinden şahsyýetnamasyny çykaryp, özüni tanyşdyrdy.

«Agam, kanuny bozanyňy bilýäň dälmi?» diýip, ýaňky şahsyýetnamasyny jübüsine salansoň, meň ýüzüme dikanlady.

Nas atmagyň gadagan edilendiginden habarym bolansoň, ýylgyryp, polisiýa işgäri bilen düşünişjek boldum. Degşen boldum. Ýöne onuň welin gaty çynydy. Geçirimlilik etjege meňzänokdy. Meniň oýnuma-ha hasam herreldi. Yzyna düşmegimi buýurdy.

Men onuň yzyna düşüp, polisiýanyň daýanç nokadyna geldim. Bu ýerde başga-da iki polisiýa işgäri bar eken. Olar meniň daşyma ymykly geçip, gyssap başladylar. Biri bu hereketim üçin maňa köne puldan 750 müň manat jerime töletjek bolýardy, beýlekisi bolsa jerimäniň gapdaly bilen on bäş sutka-da saklatjakdandy.

Olaryň bu hereketlerinden men kän bir çekinip durmadym. Gürrüňlerinden menden para hantamadyklaryna derrew düşündim. Şonuň üçinem birbada ýeň bermedim.

—Aý, doganlar, men düşünemok. Ynha, töwerekde näçe kafe, restoranlar bar. Şol ýerde bir topar adamlar gije-gündiz arak içip, lül-gammar bolýarlar, entirekläp, köçä çykýarlar. A siz bolsa olara jerime salman, maňa jerime saljak bolýaňyz. Meň nas atanym arak içenden erbet däl ahyry—diýip, öz pikirimi aýtdym.

Meniň bu sözlerime iki polisiýa işgäri aňka-taňka boldy. Näme jogap berjeklerini bilmedi. Ýöne olaryň ýaşuluragy meniň mekirlik etjek bolýanymy aňdy.

—Inim, arak içmekligi gadagan edýän kanun ýok. Nas atmak bolsa kanun boýunça gadagan. Eger arak içmegem kanun taýdan gadagan edilse, onda biz arak içenlere-de jerime salarys. Şonuň üçin kelläni agyrtma-da, 750 müň manat jerimäňi töle.

Ýanymda bary-ýogy 250 müň manadym (täze manatda 50) bardy. 750 müň manat (täze manatda 150) jerimäni hökümediň haýryna tölemek maňa-da, poliseýlere-de bähbit däldi. Şonuň üçin olar bilen ylalaşyga geleniň ýagşydy. Poliseýlere bir sagat ýalbar-ýakar edip, 200 müň manat bilen zordan sypdym.

Şol günki waka maňa bir zady düşündirdi. Nas atan adam arak içip, restorandan lül-gammar bolup çykan serhoşdan-da beter kanuny bozujy bolýan eken. Bu ýerde, elbetde, pikirleriň gapma-garşylygy bar. Ýöne, kanun kanun bolýar.
XS
SM
MD
LG