Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galp biletleri ýasaýjylar bilen göreş


Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň çap edýän ýol biletleri.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň çap edýän ýol biletleri.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi awtobuslarda ulanylýan ýol biletlerini galp ýol arkaly ýasaýanlar bilen göreşmegini dowam etdirýär.

2008-nji ýylyň 1-nji iýulyndan ýolagçy awtobuslarynda biletleriň bahasy 50 manatdan göni 1000 manada çenli gymmatladylypdy. Munuň özi ykdysady taýdan alanyňda dogry netije boldy diýlip hasaplanýar. Sebäbi 1997-nji ýyldan bäri şol bir 50 manatlygyndan üýtgewsiz galan awtobus biletleri awtotransport kärhanasyna hiç bir babatda girdeji getirmeýärdi.

Bir gezek awtobusa müneniňe tölenýän 50 manat 2007-nji ýylda manadyň ABŞ-nyň dollaryna bolan gatnaşygynda hatda 1 sente-de ýetmeýärdi. 1 sent şol wagt 240 manatdy.

Awtobus biletleriniň 1000 manada çenli ýokary galdyrylmagy ýurduň awtoulaglar ministrliginiň işine oňyn netijesini ýetirdi. Ýolagçylary gatnatmakdan gelýän girdejileriň hasabyna on ýyl töweregi wagt bäri ştatdan aýrylan konduktorlaryň wezipesi täzeden dikeldildi. Munuň netijesinde bolsa birnäçe iş orunlary döredildi. Ýolagçylardan pullary hem özleri ýygnaýan awtobusyň sürüjileriniň işleri ýeňledi.

Isleg bar ýerinde teklip hem bar


Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň çap edýän aýlyk prozdnoýlary.
Awtobus biletleriniň bahasynyň ýokarlanmagy aňsat eklenç gözleýänleriň derrew ünsüni özüne çekdi. Ösen tehnologiýanyň kömegi bilen olar ýönekeýje usulda çap edilýän awtobus biletlerini şeýle hem bir aýlyk awtobus proýezdnoýlaryny hiç bir kynsylyksyz, aňsatlyk bilen galp çap edip, ilata ýarpy bahasyna satyp başladylar.

Ýüz sany bir gezeklik üçin niýetlenen awtobus biletleri elli müň manatdan, bahasy 40 müň manat (täze pulda 8 manat) bolan bir aýlyk proýezdnoýlar 20 müň manatdan (täze pulda 4 manat) teklip edilip durka, ilatyň aglaba bölegi galp biletleri satyn alanlaryny özlerine bähbit saýýarlar. Bu bolsa Awtomobil ulaglary ministrligine, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirip ugrady.

Netijesiz göreş

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi awtobus biletlerini hem-de proýezdnoýlary galp ýasaýjylar bilen aýgytly göreşe çykdy. Ministrlik awtobusa bir gezek münmek üçin niýetlenen biletleriň reňkini her üç aýdan üýtgedip, köne görnüşdäki biletleri bolsa dessine annulirläp başlady. Bahasy 40 müň manat bolan bir aýlyk proýezdnoýlara bolsa her dürli möhür urup, her hili reňkleri peýdalanyp gördi.

Ýöne Awtomobil ulaglary ministrliginiň her gezekki çykarýan ýol biletlerini galp bilet ýasaýjylar iň bir sada reňkli printerde-de çap etmegi arkaýyn başarýarlar. Iň çylşyrymly ýeri hem galp biletler bilen Awtomobil ulaglary ministrliginiň biletlerini hiç bir babatda biri-birinden tapawutlandyryp bolunmaýanlygyndadyr.

Ýurduň Awtomobil ulaglary ministrligi galp bilet ýasaýjylar bilen göreşde heniz asgynlygynda galýar.
XS
SM
MD
LG