Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan ÝHHG liderligine mynasypmy?


Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew öz ýurdunyň 2010-njy ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna ýolbaşçylyk etmegi barada oýlananda, gaty begenýän bolsa gerek.

Öňki Sowet respublikalarynyň arasynda bu guramanyň ilkinji başlygy bolmak bilen Gazagystan indi ýolbaşçylarynyň küýsäp gelen halkara hormatyna mynasyp bolana meňzeýär. Ol üstesine-de özüni Ýewraziýa döwleti diýip hödürlemek bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna netijeli işlemäge päsgel döredýän Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky ýirigi ýamamagy-da borç edindi.

Ýöne geň tarapy beýleki zatlar bilen bir hatarda adam hukuklary, aýdyň saýlaw we kanun häkimligini goldaýan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramanyň öz ýolbaşçylygyny demokratiýa ýakynlaşmagyň deregine ondan daşlaşýan bir ýurda ynanmagy.

Öz güýç-gudratyny pugtalandyrmakda prezident Nazarbarýewiň mediada we söz azatlygynda çäkli üstünlikler gazanandygy dogry. Ýöne demokratiýa garşy görülýän gödek çäreler gazanylan ownuk üstünliklere-de zyýan ýetirýär.

1995, 1999 we 2005-nji ýyllarda baş kanuna girizilen düzedişler Nazarbaýewe prezidentlik saýlawlaryny galplaşdyryp, ýeňiji bolup çykmaga mümkinçilik berdi. 2005-de ol sesleriň 91 prosentini aldy. Şol ýyl saýlawdan sanlyja hepde öň oppozision ýolbaşçy Zamanbek Nurkadilowyň, 2006-njy ýylyň fewralynda hem Altynbek Sarsenbaýewiň gümürtik ýagdaýda heläk bolmagy Nazarbaýewiň potensial bäsdeşlerini aradan aýyrdy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçylygyny Gazagystana bermek baradaky kararyň guramanyň esasyna we onuň öňdenem gowşak abraýyna howp salýandygynyň sebäbi şol.

Orsýet Gazagystany goldady

Agza döwletleriň köpüsi Gazagystanyň kandidatlygyny sorag astyna alsa-da, açyk tankytlasa-da, Orsýet ony doly goldady. Bu goldaw Gazagystanyň ýolbaşçylyga tarap ýolunda möhüm rol oýnady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2006-da Brýusselde geçen Daşary işler ministrleriniň duşuşygynda Gazagystanyň bu gurama 2009-da ýolbaşçylyk etmek baradaky haýyşyny Orsýet bilen Germaniýa goldady. Beýik Britaniýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary muňa garşy çykdylar. Olar Gazagystana şoňa çenli ýurtda demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmaga ýeterlik wagt bermek üçin 2011-nji ýyly teklip etdiler. Şeýlelikde karar 2007-de geçmeli Madrid duşuşygyna galdyryldy. Onsoň Gazagystan esasan-da media, saýlaw we syýasy partiýalar barada kanunlarynda ençeme reformalary amala aşyrar diýen pikir bilen 2010-njy ýyl ylalaşyldy.

Emma Gazagystanda “Reformalar” gaty haýal, gümürtik hem-de ýerliksiz alnyp baryldy. Graždan jemgyýetiniň wekilleri kanuna girizilmeli düzedişler barada taslama taýýarlamak wezipesi ýüklenen “iş toparlaryna” çagyryldy. Ýöne soňra olaryň eden möhüm, düýpli ündewi äsgermezlik edildi.

69 ýaşly Nursoltan Nazarbaýew ýurduň ömürlik prezidenti däl. Ýöne prezidentiň döreden sistemasy oňa näçe gezek täzeden saýlanaýyn diýse, garantiýa berýär. Onsoň munuň ömürlik prezidentlikden näme tapawudy bar?

J.G. Sefalo gazagystanly synçy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG