Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan neşesiniň ýaýramagy alada döredýär


Hasabatda Owganystanda henizem uly möçberde neşe öndürilýändigi we onuň Merkezi Aziýadan Günbatara tarap alnyp gaýdylýandygy aýdylýar.
Hasabatda Owganystanda henizem uly möçberde neşe öndürilýändigi we onuň Merkezi Aziýadan Günbatara tarap alnyp gaýdylýandygy aýdylýar.

Neşäniň iň aýylganç görnüşi bolan geroin sowet döwründe owgan urşunda ölen esgerlerden hem köp, bu bela-beter her ýylda köp adamynyň ölümine sebäp bolýar.

Neşe nireden gelýär? Owganystandan. Haýsy ýollar bilen getirilýär? Merkezi Aziýanyň üsti bilen. BMG-niň neşe bilen bagly ýaýradan hasabatynda bu meselä giňräk syn edilýär.

BMG-niň Neşä we jenaýatçylyga garşy göreş edarasynyň 21-nji oktýabrda ýaýradan hasabatynda narko-tarfigiň ýollary, neşäniň Merkezi Aziýadan, Orsýetden we Ýakyn Gündogardan geçýän ugurlary hakynda geçirilen derňew beýan edilýär.

Bu marşrutdan dünýä möçberinde bar bolan 15 million neşekeşe neşe maddalary ýetirilýär. Şol hasabatda Owganystanda henizem uly möçberde neşe öndürilýändigi we onuň Merkezi Aziýadan Günbatara tarap alnyp gaýdylýandygy aýdylýar.

2008-nji ýylda 14 tonna geroin bilen 450 tonna tirýegiň öndürilendigi habar berildi. Terrorçy toparlar we ýaragly gozgalaňçylar bikanun ýollar bilen neşäni söwdagärlere ýetirýärler we ol Orsýetiň uly bazarlaryna gelip ýetýär.

Yagdaý alada döredýär

Hasabaty ýaýradan toparyň wekili Walter Kemp ýagdaýyň alada döredýän derejä baryp ýetendigini aýdýar. Neşe we onuň bilen bagly bolýan jenaýatlaryň durnuksyzlyga alyp gelýändigine dünýä öňden şaýat bolup gelýär diýip, ol sözüne goşýar.

«Owganystan bilen Pakistanyň araçägindäki regionlarda neşäniň, jenaýatyň we terrorizmiň birigip ýetirýän täsirleriniň alamatlaryny Merkezi Aziýada görýäris» diýip, Kemp aýdýar.

Hasabatda Orsýete getirilýän geroiniň 5% çemesiniň Merkezi Aziyada ele salynýandygynyň çak edilýändigi bellenýär. Neşä we jenaýatçylyga garşy göreş edarasynyň mälim etmegine görä, Özbegistanyň yslam toparynyň Gündogar Türküstany azat ediş guramasynyň we neşe söwdasy bilen bagly beýleki ekstremistik toparlaryň hereketleri netijesinde neşäniň, jenaýatyň we ýaragly toparlaryň Merkezi Aziya tarap süýşýändigi aýdylýar.

Meýdan komandirleriniň esasy girdejisiniň neşedendigi-de aýdylýar. Hasabatda neşe söwdasyndan ýylda 200 bilen 400 million dollar aralygynda gazanç edilýändigi-de agzalýar. Öndürilýän neşeleriň 30%-i Merkezi Aziýada satylsa, galany dünýäniň beýleki bazarlaryna akýar.

Hasabaty ýaýradan toparyň wekili Walter Kemp bu barada şeýle diýdi: «Merkezi Aziýanyň üsti bilen 90 tonnadan gowrak geroin dünýäniň bu harydy sarp edýän uly bazary hasaplanylýan Orsýete alnyp barylýar».

Bu halkara problema

Neşekeşleriň sany hem artýar. Ýylda 30 müňden 40 müňe çenli adamynyň Orsýetde neşeden ölýändigi, Eýranda bolsa 1 million neşekeşiň bardygy şol hasabatda bellenilýär.

Neşäni sanjym üsti bilen ulanýanlaryň aglabasy AIDS keseline duçar bolýar hem bu iş onuň infeksiýasynyň ýaýramagyna alyp gelýär. Merkezi Aziýada AIDS keseline ýoluganlaryň sanynyň artýandygyna-da alada bildirilýär.

“Neşä garşy göreşde ähli döwletler bilelikde iş alyp barmaly, sebäbi bu halkara problema we hiç bir döwlet ýekelikde oňa garşy göreşip bilmez” diýip, Kemp aýdýar.

2005-2008-nji ýyllar aralygynda gozgalaňçy talyp toparynyň neşe söwdasyndan her ýylda 160 million dollar gazanç edendigi-de şol hasabatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG