Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk – örän ýakymly zat


Türkmenistan garaşsyzlygynyň 18 ýyllygyny baýram edýär. Garaşsyzlyk ýylynda doglan çaga bu gün kämillik ýaşyna ýetdi, ol adam çykdy. Eýsem şol döwürde Watan şeýle kämillige ýetip bildimi?

Biz geçen döwürde örän çylşyrymly hem agyr ýyllary başdan geçirdik. Aýratynam Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, geçiş döwri diýilýän wagtda ýurtda ýiti ýetmezçilik duýuldy. Käbir welaýatlarda, aýratynam Maryda galla ýetmezçiligi döredi.

Şeýle-de bolsa, yurt özbaşdak ýaşap biljekdigini subut etdi. Ýurduň ykdysadyýetiniň iň esasy pudagy bolan tebigy gaz hem nebit millileşdirildi. Ol öňküleri ýaly Moskwa hasapsyz we mugt akdyrylman, baglaşylan şertnama esasynda öz hakymyzy talap edip bildik.

Ýurduň senagatynyň beýleki bir möhüm pudagy – pagtaçylyk hem çig mal hökmünde tutuşlygyna Orsýete iberilmän, onuň bir bölegi ýurduň öz içinde işlendi. Türkmenistanda dokma – tekstil senagaty ösüp başlady. Ýurduň dolandyryş pudagynda hem gaty köp işler edildi. Bilim pudagy doly diýen ýaly millileşdirildi.

Çözgüde garaşýan meseleler

Şonuň bilen birlikde ýurtda başlanyp, çala taşlanan işlerem az bolmady. Meselem, ýerleri daýhana bermek meselesi. Bu ugurda owal başda prezident Nyýazow örän möhüm ädim ätdi. Ol ýerleri daýhana bölüp bermelidigini aýtdy. Özem her daýhana 5-3 gektardan däl-de, eger başaryp bilse 25-30 gektardan ýer bermelidigini aýtdy. Şol maksat bilenem Daşoguzda hem Maryda Şa mülkleri peýda bolup, olar prezidentiň garamagyna berildi. Şonuň bilenem bu iş tamamlandy. Nyýazow gerek ýeri özüne alansoň, suw meselesini bahanalap, daýhana ýer paýlap bolmajakdygy aýtdy.

Eger ýadyňyzda bolsa, Sowet häkimiýetiniň başynda hem şeýle bolupdy. Sowet häkimiýetiniň ilkinji günlerinde rewolýusiýanyň serdary W.I. Lenin Zawod-fabrik işçilere, ýer daýhana berler diýipdi. Emma sowet häkimiýeti dargaýança hem daýhana ýer berilmedi. Zawod-fabrikleriň eýesi hem işçiler bolmady.

Bu bizde Garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda hem şeýle boldy. Birbada ummasyz köp telekeçi, kiçi kärhana eýeleri döredilenem bolsa, soňy bilen olar kem-kem gysylyp hem azalyp başlady. Netijede bolsa ýurtda örän agyr işsizlik peýda boldy. Öz döwründe Nyýazow hem ýurtda şeýle meseläniň bardygyny boýun alyp, işsizlige örän kuwwatly döwletleriň hem hötde gelip bilmeýändigini aýtmak bilen bu işi çözmek meselesinden gyra çekildi. Netijede bolsa, Nyýazowyň bir aýdany dogry çykdy. Onuň türkmen dünýäniň çar künjünde döşüni gaýşardyp gezer diýşi ýaly, indi dünýäniň ähli ýurtlarynda türkmenler iş gözleşip aýlanýarlar.

Ýurduň esasy tebigy baýlygy bolan gaz hem nebit öňküleri ýaly diňe çig mal hökmünde satylýar. Nyýazow döwründe Tejende guruldy diýilýän traktor zawody hiç zat bilen tamamlandy. Bu gün mekdep okuwçylarynyň ulanýan ýönekeý galamy-da daşardan getirilýär. Şeýle baý çig malyň bardygyna garamazdan himiýa senagatyny döretmeg-ä däl, hatda oňa başlamak barada hem gürrüň gidenok.

Ylym we bilim

Häzir prezident Berdimuhamedow ýurtda kadr ýetmezçiligini aýdýar. Diýmek, ýurduň bilim pudagyna urlan zarba indi duýlup başlan bolsa gerek. Sebäbi ýurduň Garaşsyzlygyna 18 ýyl boldy. Ýurtda tutuş bir nesil bilimsiz ýetişdi.

Golaýda Çehiýanyň esasy neşiri bolan Dnes gazeti ýurtda ylmyň ösmeýänligi baradaky meseläni öňe sürüp, bir maglumaty çap etdi. Häzirki wagtda Ýaponiýada her 137 ýaşaýjydan 1 adam alym ekeni. Çehiýa döwletinde bolsa 424 ýaşaýja 1 alym düşýär.

Bu ýagdaý Türkmenistanda nähili? Megerem, bizde her 100 müň ýaşaýja 1 alym düşýändir. Ýurtda bar diýilýän 5 ýarym million adam sanyny nazara alsak, onda 55 sany 100 müň bar. Eýsem Türkmenistanda 55 alym barmy? Nyýazow döwründe esasan iki akademik bardy. Olaryň birinjisi akademik S.A. Nyýazow, beýlekisi bolsa akademik Onjuk Musaýew. Goý, şonça alym bar bolaýanda-da, olar diňlenmese, olaryň dogry sözi alga alynmasa, ondan näme peýda?!

Ýagdaý şeýle bolansoň, ýurduň geljegi, kadrlaryň ukyby hem ylmy derejesi barada näme aýdyp bolar? Eger iş edilmese Garaşsyzlygyň bir özüniň hiç zat bermejekdigini bu geçen ýyllar görkezdi.

Hudaýberdi Hally türkmen ýazyjysy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG