Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Drezdende müsürli aýaly pyçaklan raýata garşy sud diňlenişigi başlandy


Şu ýylyň iýulynda Germaniýanyň Drezden şäherindäki suduň jaýynda asly müsürli bir göwreli aýaly pyçaklan raýata garşy sud diňlenişigi duşenbe güni öz işine başlady.

Asly müsürli Marwa al-Şerbini pyçaklan adamyň adyny häzirlikçe sud diňe «Aleksandr W» diýip atlandyrýar.

Milli gelip çykyşy boýunça rus bolan bu hüjümçi şu ýylyň iýulynda kellesi baş örtgüli müsürli zenany «terrorist» diýip atlandyryp, oňa pyçakly hüjüm edipdi. Şonda bu waka dünýäniň musulman ilatly ýurtlary ýiti reaksiýa bildiripdiler.
XS
SM
MD
LG