Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden: “Bize howpsuz Ýewropa gerek”


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna interwýu berýär, 23-nji oktýabr, 2009 ý.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna interwýu berýär, 23-nji oktýabr, 2009 ý.

Amerikanyň wise-prezidenti Joe Biden Waşingtonyň ýaranlarynyň Ak Tam öz Orsýet bilen aradaky gatnaşyklaryny Gündogar Ýewropanyň hasabyna gowulaşdyrmaga synanyşýar diýen gorkusyny bu gezekki saparda aradan aýyrmagy başarandygyny aýdar.

Baýden Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Waşington Moskwanyň öňki sowet giňişliginde öz täsir sferasyny döretmegine ýol bermez, Kremle haýsy hem bolsa bir ýurduň islendik ýaranlyga girmeginiň garşysyna weto goýmaga-da ygtyýar bermez” diýdi.

Biden Obamanyň administrasiýasy Demirgazyk Koreýa, Pakistan we Eýran bilen güýmenip, Gündogar Ýewropany gözden salýar diýen gorkynyň hem esassyzdygyny nygtady: “Meniň halka ýetirjek bolýanym gaty sada zat. Biziň Ýewropa bilen giňden gyzyklanmagymyzyň sebäbi ine şu: üstümize alan ählumumy borçnamalarymyzy amala aşyrmak üçin bize howpsuz, bütewi, barha giňeýän, erkin Ýewropa gerek”.

Gürjüstan, Owganystan we Eýran

Baýden Orsýetiň Gürjüstandan aýrylmaga ymtylýan regionlar bolan Abhazystan we Günorta Osetiýada öz agalygyny ornadandygyna garamazdan, Günorta Kawkaz barada umytly gürläp, Türkiýäniň Ermenistan bilen gatnaşygyny gowulandyrmak üçin soňky wagtlarda eden tagallalaryna salgylandy: “Meniň garaýşymça, Günorta Kawkazda häzir bolýan zatlar halkyň öz bähbitleriniň köpräk hyzmatdaşlyga baglydygyna düşünip ugrandygyny görkezýär. Bu söýgi däl-de, zerurlykdyr mümkinçilikden gözbaş alýar”.

Amerikanyň wise-prezidenti Owganystanda Hamid Karzaýyň öz baş bäsdeşi Abdullah Abdullah bilen 7-nji noýabrda ikinji gezek bäsleşige girmek barada ylalaşandygyny öwdi. Ol Pakistanda hem ”Talybana” garşy göreşde öňe gitmeleriň bardygyny görýändigini belläp: “Alnyp barylýan täze harby hüjümleriň olaryň öz üstlerine abanyp gelýän howpa berýän göni gaýtawullary” diýdi. Onuň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar gazaply ekstremizme garşy göreşde Pakistana berýän kömegini dowam etdirer. Ýöne ol ýere esger ibermek plany ýok.

Biden Eýran hakda eden belliginde Birleşen Ştatlaryň Tähran bilen ýadro meselesi barada gepleşik giçirse-de, demokratiýa we adam hukuklary baradaky ünji-aladany görmezlige salmandygyny, hiç haçan hem salmajakdygy nygtady: “Biz Eýranda halk köpçüligi Birleşen Ştatlara dostlukly garaýar diýen pikirde. Olar bize duşman däl. Olar häzir öz hökümetleri bilen iş salyşmakda kynçylykly döwri başdan geçirýärler. Ýöne Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmezligi tutuş dünýäniň bähbidine, şol sanda Eýran halkynyňam, Ýewropa we dünýädäki adamlaryň hemmesiniň bähbidine”.
XS
SM
MD
LG