Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurban Berdiýew—milli gahryman hem-de... «halk duşmany»


Şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada klub komandalarynyň arasynda Çempionlaryň Ligasy ady bilen geçirilýän futbol ýaryşynda Kazanyň «Rubini» myhmançylykda dünýä belli «Barselona» (Ispaniýa) komandasynyň garşysyna oýnady.

«Barselona», hakykatdanam, dünýäde iň bir öňdebaryjy komandalaryň biri hasaplanýar. Ony ýeňmek, onda-da öz meýdançasynda, 100 müň tomaşaçyly «Nou Kamp» stadionynda ýeňmek gahrymançylyga deňelýär.

Şol gün «Rubin» zoruny görkezdi. Komanda hüjümde-de, goranyşda-da sazlaşykly oýnap, «Barselonany» 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Muňa tatarystanly, orsýetli janköýerler bilen birlikde türkmenistanly janköýerlerem, baý, begenmek begendi.

Gurban Berdiýew (ortada) Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen (sagda).
Dagy näme! «Rubiniň» baş treneri ildeşimiz Gurban Berdiýew ahyry! Ýewropada abraýly çempionatlaryň biri hasaplanýan Orsýediň premýer-ligasynda üstünlikli çykyş etmek aňsat däl. Orsýediň çempionatynda ýeňiji bolmak, bü günki günem «Barselonany» ýeňmek akyla getirer ýaly zat däl.

«Barselonadan» üstün çykylanda Gurban Berdiýewiň duýgularyny saklap bilmän, dyzyna çöküp, ellerine asmana gerşi göz öňünden gider ýaly däl.

Ildeşimiziň üstünligi tutuş Türkmenistanyň üstünligidir. Türkmen bolup, başga bir uly ýurtda, onda-da futbolyň ösen ýurdunda ýeňiş yzyna ýeňiş gazanmak, gürrüňsiz, biziň ýurdumyzyňam abraýydyr.

Käbir mysallar: gollandiýaly futbol spesialistleri Dik Adwokaat, Gus Hidding Orsýediň ýa-da başga bir döwletiň futbolyny ösdürmek bilen, Gollandiýanyňam abraýyny arşa göterýärler. Gurban Berdiýewem şeýledir. Ol «Rubini» çempion edip, Türkmenistanyňam abraýyny ýokaryk göterýär.

Gurban Berdiýewiň Türkmenistandaky abraýy

Türkmen janköýerleri «Rubiniň» nobatdaky duşuşygynyň ertesi: «Rubin» nähili oýnady? Gurban Berdiýew nätdi? Utdumy ýa utuldy?» diýşip, futbol ýaryşynyň gidişini derňeýärler. «Rubin» türkmen janköýerleriniň arasynda uly gowurdy döredýär. Komanda ýekeje futbol janköýerini-de biparh goýmaýar. Türkmenler, sözüň doly manysynda Gurban Berdiýewe guwanýarlar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow Tatarystanda resmi saparda bolanda «Rubin» komandasy bilen duşuşypdy. Şonda «Rubiniň» oýunçylary pökgä awtograf ýazyp, ony Türkmenistanyň prezidentine sowgat beripdiler. Şu dostluk ösüp-ulalyp gidibermelidi. Arman...

Peşeden ýasalan pil

2008-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabatda «Olimpiýa şäherjiginiň» taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly sport toplumy paýtagtdaky häzirki Olimpiýa stadionynyň töwereginde 157 gektar territoriýada ýerleşdiriler.

«Olimpiýa şäherjiginiň» taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gadyr edilip, «Rubin» komandasynyň baş treneri Gurban Berdiýewem çagyryldy. Gynansak-da, ildeşimiz bu dabara gatnaşyp bilmedi.

Şol günler «Rubin» komandasy Orsýediň premýer-ligasynda ýaryşyň başyny çekip barýardy. «Rubiniň» öz taryhynda birinji gezek çempion bolmak mümkinçiligi gaty uludy. Ýöne galan üç-dört tapgyrda örän göwnejaý, seresap, oýlanyşykly oýnamalydy. Ýagdaý dartgynlydy, çylşyrymlydy. Has-da beteri, tutuş Tatarystan baş treneriň her bir ädimini ölçäp durdy.

Çempionlyk daşda däldi. Şeýle aldym-berdimli günlerde komandany taşlap, birki günläp Türkmenistana «Olimpiýa şäherjiginiň» taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak hiç bir weçden heňe gelenokdy.

Ine, şularyň barysyny jikme-jik düşündirip, Gurban Berdiýew Türkmenistana ýörite habar ýollapdy. Ýöne «sport» diýlen närseden bütinleý daşdaky adamlar muňa düşünmediler. Olar Gurban Berdiýewiň bu hereketini özlerini äsgermezlik diýip hasapladylar. Şundan soň Gurban Berdiýewden «ar alşyk» gidiberdi, gidiberdi.

Milli gahrymandan «halk duşmanynyň» ýasalyşy


Gurban Berdiýew
Bolup geçen ýagdaýlardan düýbünden bihabar sport žurnalistleri entegem «Rubin», Gurban Berdiýew bilen baglanyşykly habarlary, makalalary ýazyşyp ýördüler.

Ine, günlerde bir günem bulutsyz asmanda ýyldyrym çakana döndi. «Rubin» komandasy, Gurban Berdiýew barada ýazan sport žurnalistlerinden, ol makalalary çapa goýberen redaktorlardan düşündiriş aldylar, üstesine-de, olaryň mazaly çetine-de degdiler.

Olardan düşündirişi kim talap edendir öýdýärsiňiz? Hernäçe gülkünç görünse-de, ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleri hasap soradylar. Garaz, sport žurnalistlerini-de, baş redaktorlary-da ters aýlandyrdylar.

Şundan soň ýurduň gazetlerinde diňe bir Gurban Berdiýewiň adyny däl, hatda «Rubin» komandasynyň adyny hem ýazmaga rugsat berilmedi. Sebäbi Gurban Berdiýew diýmek—«Rubin» diýmek, «Rubin» diýmek—Gurban Berdiýew diýmek diýip düşünildi.

Geçen ýyllar Çempionlar Ligasynyň ýaryşy geçirilende metbugatyň sahypalarynda giňişleýin informasiýalar, analizler berlerdi. Toparda çykyş etjek komandalar, toparlaryň ýaryş tablisasy yzygiderli çap edilerdi. Bu ýyl welin beýle bolmady. Gazetler Çempionlar Ligasy barada ýekeje söz aýtmaga-da milt edip bilmediler. Sebäbi Çempionlar Ligasynda Gurban Berdiýewiň «Rubini» çykyş edýärdi.

Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn raundynyň bijesiniň netijesi mälim bolanda-da türkmen gazetleriniň biri hem ony çap etmedi. Ýurtda neşir edilýän ýeke-täk sport gazeti bolan «Türkmen sporty» gazeti welin, Çempionlar Ligasy hakda maglumaty hökman beräýmelidi. Onuň başga gitjek ýeri ýokdy. Ol sport gazetidi.

Şu ýylyň 29-njy awgustyndaky sanynda «Türkmen sporty» gazeti Çempionlar Ligasynyň toparlaýyn raundynyň bijesiniň netijesini çap etdi. Ýöne ony çap edip, dogrusy, gülki astyna-da galdy. «F» toparynda «Rubiniň» adynyň ýerine «Türkmen sporty» gazeti «Чемпион России» diýip goýdy.

Ýurtda neşir edilýän ýeke-täk sport gazeti bolan «Türkmen sportynyň» şu ýylyň 29-njy awgustyndaky 34-nji sanynyň soňky sahypasynda Çempionlar Ligasynyň «F» toparynda çykyş edýän «Rubiniň» adynyň ýerine «Чемпион России» diýip ýazdylar. (Ulaldyp görmek üçin basyň.)





Ine, nadan adamlaryň gülkünç hereketi netijesinde şeýle absurd derejä barlyp ýetildi. Munda sport žurnalistleriniň jinnek ýaly-da günäsi ýokdur. Belanyň körügi ýene Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekillerindedir.

Türkmenistanyň metbugatynyň ýagdaýyndan bihabarlara kiçijik düşündiriş: Bu ýurtda gazet-žurnallara ilki senzuranyň wekilleri seredýärler. Olardan soň bolsa Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Ideologiýa» bölüminiň wekilleri Howpsuzlyk ministrligine äkidip okaýarlar we her bir materialy ilik-düwme gözden geçirýärler.

Gurban Berdiýew türkmen halky üçin milli gahrymandyr


Orsýediň geçen ýylky çempiony Gurban Berdiýewiň «Rubini» premýer-ligada bu ýylam birinji orna dalaş edýär. Ýaryşyň gutarmagyna dört oýun galdy. «Rubin» Moskwanyň «Spartagyndan» bary-ýogy bir oçko tapawut bilen ýaryşyň öňüni çekip gelýär. Ýagdaý geçen ýyldakydanam dartgynly. «Spartak» hem çempion bolmak üçin iň soňky demine çenli göreşmekden gaýtjak däl.

Öňde dört tapgyr. Biri-birinden kyn duşuşyklar. Orsýediň futbol ýaryşy şu günler öz ýurtlarynda-da gowurdy döretse-döredýändir, ýöne türkmen janköýerleriniň dilinde-de «Rubin» hem-de Gurban Berdiýew.

«Rubin» nähili oýnady?» Bu sözler janköýerleriň dilinden düşenok. Olar Gurban Berdiýewe ynanýarlar, guwanýarlar. Üme düşmez käbir emeldarlar üçin, «sellesini al» diýseň, kellesini alýan nadanlar üçin Gurban Berdiýew «halk duşmany» bolsa-da, ýönekeý türkmen janköýerleri üçin ol milli gahrymandyr!

Gurban Berdiýew Türkmenistanyň abraýyny arşa göterýär. Janköýerler bolsa diňe şuny bilýär!

Çoluk Möwlamow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu ýerde öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG