Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly musulmanlar şu ýyl Mekgä haj zyýaratyna gitmez


Türkmenistanly musulmanlar şu ýyl Mekgä haj zyýaratyna gitmez, olar Türkmenistanyň territoriýasyndaky yslam mukaddesliklerine zyýarat ederler. H1N1 dümewiniň ýaýramak howpy sebäpli şeýle karar gelindi-diýip, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky din işleri boýunça sowetindäki çeşme düýn RIA Nowosti agentligine aýdypdyr.

Gurban baýramyň birinji güni Ak işan gonamçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gurbanlyk bermek däbi ýerine ýetiriler-diýip, agentlik ýazýar.
XS
SM
MD
LG