Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewraziýa boýunça Orsýet bilen işleşmek...


Prezident Nursoltan Nazarbaýew, Dmitriý Medwedew, Ymamaly Rahmon we Kurmanbek Bakiýew Matybulak poligonynda, 16-njy oktýabr, 2009 ý.
Prezident Nursoltan Nazarbaýew, Dmitriý Medwedew, Ymamaly Rahmon we Kurmanbek Bakiýew Matybulak poligonynda, 16-njy oktýabr, 2009 ý.

Ýewraziýa regiony bölünmegini dowam etdirýär. Bu durnuksyzlyk dinamikasyny ne Orsýet, ne-de Günbatar togtadyp bilýär.



2008-nji ýylda Orsýet bilen Gürjüstan arasynda turan uruş, terrorçylyk hüjümleriň Demirgazyk Kawkazda ýene gaýtalanýandygy, Günbatar güýçleriniň Owganystanda asudalygy ornadyp bilmän gelýändigi, Orta Aziýa hökümdarlarynyň ýerli tireleri we neşe hojaýynlaryny jylawlamaga ukypsyzdygy, Ukraina we Moldowada kanuny ýollar bilen saýlanan organlaryň gymyldysyz ýatandygy tutuş regionda barha artýan durnuksyzlygyň subutnamasy bolup durýar.
Orsýetiň Ukraina, Gürjüstan we Türkmenistan bilen bolan konfliktleri zerarly transregional transport ýollarynyň basym kesilmegi mümkin.


Assa-ýowaşdan ýaýraýan gazaply hereketler giň gerimli konflikte ýazar-ýazaryň üstünde. Orsýetiň Ukraina, Gürjüstan we Türkmenistan bilen bolan konfliktleri zerarly transregional transport ýollarynyň basym kesilmegi mümkin. Sowuk uruş tamamlanansoň, Günbataryň Ýewraziýany durnuklylaşdyrmak ugrunda alyp baran tagallalarynyň şowsuzlyga uçrandygyny boýun almak gerek.

Ne durnukly ne-de asuda

1990-njy ýyllaryň ortalarynda Zbignew Bžezinskiý ýaly Amerikan geostrategleri Birlşen Ştatlara regionda täze gurlan ors däl döwletleri goramakda Orsýetiň ornuny eýelemek baradaky syýasaty alyp barmagy ündediler. Birleşen Ştatlar bilen beýleki Günbatar döwletleri hem ilki ikirjiňlenseler-de, soňra bu öwüde eýerdiler.

Ýöne Ýewraziýa ne durnukly ýagdaýa geldi, ne-de asudalyga gowuşdy. Ol gaýtam bölünmegini dowam etdirdi. Waşingtondaky we Brýusseldäki burokratlar bu çylşyrymly regiony durnuklylaşdyrara özlerinde serişde, erk we tejribe ýokdugyna düşünmediler.

Birleşen Ştatlar özüniň güýjünden ýokary işlere baş goşandygyna indi Yrak urşy we maliýe krizisinden soň göz ýetirip ýör. Muňa garamazdan, Waşington bilen Brýussel Ýewraziýada başgaça hereket ederli däl.

Aşaklaýyşa Orsýetiň goşandy bar

Ýewraziýanyň aşaklamagyna Orsýet-de goşant goşdy. Sowet Soýuzynyň çökmegi, şonuň netijesinde hem Orsýetiň regiondan çekilmegi ony ep-esli durnuksyzlaşdyrdy.

Ýewraziýany çökermän saklamak Orsýetiň regionda durnuklaşdyryjy roluny ykrar etmegi talap edýär. Ýöne kollektiw howpsuzlyk ylalaşygyny ornatmak işine Orsýetden beýleki ýurtlar-da gatnaşmaly. Howpsuzlyk taýdan möhümi – regiondaky iki esasy aktýor NATO bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň abanýan howplara bilelikde baha berip, öz syýasatlaryny ýakyndan utgaşdyrmagy gerek.

Regionyň işläp, ýaşaýjylaryna gerekli hyzmaty ýerine ýetirmek başarnygyny gaýtadan dikeltmegi üçin orslara duşmançylykly milletçiligi jylawlamak möhüm. Özeni Orsýetden ybarat bir imperiýanyň täzeden gurulmagy gaty howply hem bolsa, öňki metropoliýa bilen ykdysady, medeni taýdan berk baglanyşykly döwletleriň arkalaşygyny gurmakdan başga mümkinçilik ýok.

Orslar we beýleki etniki azlyklar erkin sapar edip, öz dil we dini däplerini ösdürip, taryhy senelerini baýram edip bilmeli. Daşky dünýäniň hem ähli maksady Orsýetiň uly regional güýç hökmünde özüne bolan ynamyny güýçlendirmekden, ony rewizionistik hereketlerden saklamakdan ybarat bolmaly.

Andreý Sygankow San Fransisko döwlet uniwersitetinde halkara gatnaşyklary boýunça professor. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG