Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölen karateçi gaýdyp geldi


Mundan iki ýyl töweregi ozal ajy habar ýaýrady. Belli karateçi, gündogar söweşiniň ussady, tanymal trener Myrat Haýydow türmäniň şatylaryna dözmän, aradan çykypdyr diýen «myş» eşidildi.

Birbada muňa ynanasyň gelmedi. Sebäbi «myş» habary entek anyk fakt däldi. Onsoňam, merhumyň jesedi hossarlaryna gowşurylmandy, ony depin etmändiler.

Ýöne gürrüň ulaldy gitdi. Şol «myşyň» ujy türmä, türmede oturanlara baryp diredi. Gürrüň Howpsuzlyk ministrliginiň ozalky işgärleriniň oturan türmesinden gelipdi. Elbetde, şol gürrüňleri olaryň yzyndan görme-görşe baran dogan-garyndaşlary getiripdi.

Şeýdip, «myş-myşlar» çyna ýazdy. Hatda bu şum habar meşhur karateçiniň ýakyn hossarlaryna-da baryp ýetdi. «Öldi» habar entek doly seljerilmese-de, juda agyr degýär. Onsoňam, bu habaryň çyndygyny-ýalandygyny nädip, nireden anyklajak? «Gorbatyý» adyny alan Owadandepedäki türmede oturanlar barada hiç hili maglumat berlenok, olar bilen görme-görüş, peredaça geçirmek gadagan. Munuň ýaly ýagdaýda diňe ykbalyň gülüp bakaryna garaşaýmakdan başga alaç ýok.

Ine, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda keç ykbal ahyry Haýydowlaryň maşgalasyna gülüp bakdy. Iki ýyl mundan ozal «öldi» diýlip hasaplanan Myrat Haýydow türmeden doly boşap, öýlerine dolanyp geldi. Gaty köp sportsmeniň halypasy hasaplanýan Myrat, dogrusy, şol gün ikilenç dünýä indi!

Etmişi nämedi?

Ýogsa-da Myrat halypa näme üçin türmä basyldy? Her näçe gynansak-da, bu wakanyň töwereginde-de «myş-myş» gürrüň kän. Sebäbi Myrat Haýydow daga ýapyk sud edildi. Bu barada türkmen metbugatynda ýeke setirem çykmady.

Agyz-agyzdan ýel alýar. «Myş-myşyň» yzyna her kim bir «myş» goşýar. Netijede onuň öýünden ýarag çykypdyr diýen gürrüň ulalyp, bir topar ýaraga, ok-därä, granatlara çenli baryp diredi. Bu waka 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge bolan synanyşyk bilen baglanyşdyryldy.

Myrat halypanyň 2002-nji ýyldaky terakt bilen baglanyşykly ýeriniň ýokdugyny aýtmak gerek. Ýöne şol wagtky diýdimzor režim muny şol waka bilen baglanyşdyrasy geldi. Ýöne anyk deliller, faktlar tapylmansoň, Myrat halypany «bikanun ýarag, ok-däri» saklamakda aýyplap, ony ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler.

Jenaýat kodeksiniň şol maddasy boýunça iki ýyldan ýedi ýyla çenli jeza çäresi berilýärdi. Myrat halypa şonuň iň ýokarysy berildi.

Eýsem, Myrat Haýydowyň öýünden ýarag tapylany çynmy? Ýa-da muny bilkastlaýyn guradylarmyka?

Halypanyň öýünden alty-ýedi sany ok tapylypdyr. SSSR döwründen galan ok. Sport tüpeňiniň oky.

Myrat halypa şägirtlerine gündogar söweşleriniň tilsimlerini öwretmek bilen birlikde, olara nyşana ok atmagy-da öwredipdi. Şägirtlerini daga äkidip, türgenleşik geçiripdi. Şol sowet döwründen galan alty-ýedi sany okam onuň «başyna ýetdi».

Ýene bir sowal keserýär

Nämä esaslanyp Myrat Haýydowyň öýi döküldi? Şeýtmäge delil, tutaryk barmydy?

2002-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast ediljek bolundy diýilýän wakanyň ýumagy çözlenende organ wekilleri guduz açana dönüpdiler. Yklymow, Jumaýew bilen familiýadaşlara çenli öýlerine kürsäp, gyzyl-dörjük edipdiler.

Myrat aganyň öýüni dörmäge olar üçin «uly delil» bardy. Myrat halypanyň kakasy—Türkmenistanda belli ýazyjy, ozalky ýustisiýa ministri hökmünde giňden tanalýan Ýusup Haýydow terrorçylykly waka bilen baglanyşdyrylyp, tussag edilipdi. Ýusup Haýydow ozalky wise-premýer, daşary işler ministri, soňra ömürlik tussaga höküm edilen Boris Şyhmyradow bilen gizlin duşuşypdyr. Onuň bilen ýurduň geljegi barada pikir alşypdyr. Bolany şol. Ýusup Haýydow «şeýle töwekgelçilik» edeni üçin Owadandepedäki türmede bäş ýylyny doly oturup geldi.

Gepiň küle ýeri, Myrat halypa kakasynyň garaýyşlary üçin ýygnaldy. Ýogsa onuň öýi başgady, kakasynyň öýem başgady. Şol döwür guduz açan režim başga-da birtopar bigünä adamy ýanapdy hem-de olary nähak türmä basypdy. Şeýdip, Myrat aga-da nähak pida boldy.

Owadandepedäki türmäniň şertleri hiç bir türmäniňki bilen deňeşdirer ýaly däl. Hossarlaryň bilen duşuşmagyň, peredaça almagyň gadagandygyny ýokarda-da agzapdyk. Bu ýerde asuda asmany görmek hyllalla. Diňe belli-belli wagtlar tussaglar progulka çykarylýar. Iýmit ýagdaýy juda ýaramaz. Näsaglamazlyk mümkin däl. Myrat aga-da agyr syrkawlady. Şol agyr syrkawlygam, megerem, Myrat aganyň öldi habarynyň ýaýramagyna sebäp bolandyr.

“Gözüň aýdyňa” gelýänler kän

Myrat halypa aslynda ruhubelent adam. Üstesine, sportsmen. Şu zatlar hem oňa «gorbatyý» türmesinden sag-aman sypmaga kömek etdi.
«Ölüp», täzeden direlip gelen Myrat Haýydowa şu günler «gözüň aýdyňa» gelýänler kän. Hatda ony doly tanamaýanlaram gutlamaga gelýärler. Onuň abraýy uly. Hatda ol bellik üçin polisiýa bölümine baranda-da oňa: «Haçan sport mekdebini açýaň?» diýýärler. Ony hiç kim yzarlanok. Myrat halypanyň häzirki hökümetden nägileligi ýok. Häzirki prezidente-de reformaçy hökmünde garaýar.

Dogrusy, Myrat Haýydowy geçen ýylam türmeden boşatmakçy bolupdylar. Ýöne Aşgabat şäherinde Aždar dagynyň içerki gullugyň işgärleri bilen iki-üç günläp atyşmagy Myrat Haýydowy möhletinden öň azatlyga çykarmak gürrüňiniň üstünden atanak çekipdir.

Myrat aga türmeden boşajak mahaly türmäniň naçalnigi onuň elini gysyp: «Berekella! Ýedi ýyllap ejizlemediň...» diýipdir.

Myrat Haýydow «ölüp-direldi», sag-aman maşgalasyna gowuşdy. Onuň ýedi ýyly köýdi. Şu döwrüň içinde ol, gör näçe ýagşy işleri bitirip biljekdi, ýaş sportsmenleri terbiýeläp ýetişdirip biljekdi. Ýöne... haýp...

Çoluk Möwlamow Aşgabatly synçy. Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG