Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Doňuz dümewi» barada söhbetdeşlik


Gyrgyzystanyň Saglygy saklaýyş ministrligine degişli sanepidemiologik döwlet departamentiniň epidemiologik meseleler boýunça baş spesialisti Otorbaýewa Dinara Sattarowna bilen Azatlyk Radiosyndan Maýsa Baba gyzy «doňuz dümewi» barasynda söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Dinara Sattarowna, «Doňuz dümewiniň» nämedigi barasynda gürrüň beräýseňiz?

Dinara Otorbaýewa: Doňuz dümewiniň A, B we S görnüşleri bolyar. Dümewiň A görnüşi üýtgäp durýan hasaplanylýar. 2009-njy ýylda onuň bu görnüşi üýtgände ýagny mutasiýa geçende, dümewiň N1 N1 görnüşi peýda boldy. Bu dümewiň täze görnüşu peýda bolanda, adamlaryň arasynda kesel köp bolýar. Şol keselden epidemiýa başlanýar.

Azatlyk Radiosy: Doňuz dümewiniñ ilkinji alamatlary näme?

Dinara Otorbaýewa: Doňuz dümewi edil adatdaky dümew ýaly başlanýar. Birinjiden, adamyň temperaturasy 38 gradusa ýetýär we ondan hem ýokary bolýar. Näsagyň kellesi agyryp, gözünden, burnundan suw akýar. Syrkaw üsgürip başlaýar. Syrkaw derrew lukmana ýuz tutmasa, dümewiň öýkene geçmegi mümkin.

Azatlyk Radiosy: Bu keseli bejermek mümkinmi?

Dinara Otorbaýewa: Bu keseli bejermek mümkin. Biz ony tamiflýu atly derman bilen bejerýäris. Bizde bu derman bar. Biz häzir 8 müňden gowurak adamy bejerip bileris. Häzir bütin dünýäde doňuz dümewini esasan tamiflýu bilen bejerýärler.

Azatlyk Radiosy: Siz bu dermany nireden aldyňyz?

Dinara Otorbaýewa: Onuň 7 müňe golaýyny bize Bütindünýä Saglyk Guramasy berdi. Galanlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan guş dümewine garsy göreş proýekti boýunça ozaldan her ýylda satyn almagy planlaşdyrypdyk. Bu kesele ýolugyp, bize gelen üç adamy-da şol derman bilen bejerdik. Olaryň derdi ýeňil görnüşde geçdi.

Azatlyk Radiosy: Doňuz dümewiniň öňüni nädip almaly?

Dinara Otorbaýewa: Adamlar biri-biri bilen azyndan bir metr uzaklykdan gepleşmeli. Kesele ýolugan adam hökman maska geýmeli. Kesellini hökman başgalardan izolirlemeli we ol derrew lukmanlara ýüz tutmaly. Adamlar daşardan geldigi hökman elini sabynlap ýuwmaly. Sowuklamadan özüni goramaly. Sowuklan adam hökman laboratoriýa analiz tabşyrmaly we dümewiň haýsy görnüşi bilen keselländigini anyklamaly.

Azatlyk Radiosy: Doňuz dümewine garşy sanjym barmy?

Dinara Otorbaýewa: Elbetde, häzir dünýäniň köp medisina institutlary bu dümewe garşy sanjymy taýýarlamak ugrunda iş alyp barýarlar. Orsýetde, Hytaýda we Amerikada bu sanjymy bireýýäm taýýarladylar. Häzir ony synap görýärler. Merkezi Aziýa ýurtlaryna bu sanjymyň dekabr aýynda gelmegi mümkin Ol gelen badyna biz birinji nobatda medisina işgärlerini, soňra mekdep okuwçylaryny we beýlekileri sanjym etmekçi.

Azatlyk Radiosy: Doňuz dümewi bilen haýsy ýaşdaky adamlaryň köpräk kesellemegi mümkin?

Dinara Otorbaýewa: Doňuz dümewi bilen köplenç ýaş adamlar keselleýärler. Olar esasan ýaş çagalardan başlap, 45 ýaşa çenliler. Ýaşy 50-den geçenleriň bedeninde bu kesele garşy göreşip biljek antijisimler, ýagny organizme üýtgeşik maddalar girende, onuň täsirini ýok edip bilýän maddalar bolýar. Şonuň üçin-de doňuz dümewinden ölyänler ýaşlaryň arasynda köp bolýar. Sebäbi bu kesele ýoluganlar muny ýöne bir sowuklamadyr öýdüp, öz bildiginden bejerýärler. Olar öz wagtynda lukmanlara ýüz tutmaýarlar. Netijede ol soňabaka öýkene geçýär we öýkençişmä öwrülýär.

Azatlyk Radiosy: Häzire çenli dünyäde bu kesele ýolugan näçe adam hasaba alyndy?

Dinara Otorbaýewa:
25 nji oktýabra çenli dünýä boýunça bu kesele ýolugan 400-müň adam hasaba alyndy. Şolardan 6 müňe golaýy ölüpdir. Gyrgyzystanda hem bu kesele ýolugan dört adam hasaba alyndy. Şolardan üçüsi daşary ýurtdan kesel ýokuşyp gelenler. Bir aýala Arap Emirliklerinden gelen adamsyndan doňuz dümewi ýokuşdy.

Azatlyk radiosy: Bu kesel haçan we nirede anyklandy?

Dinara Otorbaýewa: Aprel aýynda Ýewropada we Orsýetde çagalaryň arasynda dümew giňden ýaýrap, bu wirus analiz edilende,onuň beýleki sowuklamalardan düýpden tapawutlanýandygy anyklanyldy. Bu dümew regionda öň hasaba alynmandy. Häzirki wagtda Ýewropa regionynda bu dümewiň birinji tolkuny geçip, ikinji tolkuny başlanýar. Biziň regionymyz bolsa entek onuň birinji tolkunyna garaşýar. Sebäbi häzir esasan wirusly keselleriň dümew möwsümi başlanýar.
XS
SM
MD
LG