Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtdaky zähmet şertleri maslahatlaşylar


Şu hepde Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça regional bölüminiň direktory Martina Lubiowa Türkmenistana sapara bardy.

Eýse, BMG-niň Halkara Zähmet Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürmeklige nähili zerurlyklar bar?

Häzirki wagtda dünýäniň 182 ýurduny özüne birikdirýän we şu ýyl öz döredilmeginiň 90 ýyllygyny belleýän Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa boýunça Moskwadaky regional bölüminiň metbugat sekretary Olga Bogdanowa bu guramanyň işiniň örän köp dürli ugurlar boýunça alnyp barylýandygyny nygtap, şeýle diýdi: «Bu gurama diňe raýatlaryň zähmet şertlerini gowulandyrmak bilen meşgullanýan gurama hökmünde baha bermek biziň mandatymyza has ýüzleý garamak bolardy. Biziň işimiz örän köp ugurlara gönükdirilen, şolardan iň esasysy bolsa, zähmet sferasynda halkara konwensiýalaryň normalaryny ornaşdyrmakdyr. Şol konwensiýalara goşulan ýurtlar öz üstlerine belli bir borçlary alýarlar. Ol borçlar bolsa, minimal zähmet tölegleriň tölenmegi, çaga zähmetini gadagan etmek, zähmeti goramak ýaly birgiden meseleleri öz içine alýar».

Guramanyň alyp barýan işleri

Türkmenistanda zähmetkeşleriň hukuklaryny goramakda bu guramanyň anyk nähili işleri durmuşa geçirýändigi barada soranymyzda, Olga Bogdanowa ýerli zähmetkeşleriň hukuklary bilen baglanyşykly problemalary çözmekde inisiatiwanyň ozaly bilen ýerli zähmet toparlarynyň özlerinden gelmelidigini we diňe şondan son bu guramanyň özüne gelip gowşan anyk şikaýatlar esasynda hereket edýändigini aýtdy.

Halkara Zähmet Guramasynyň regional bölüminiň metbugat sekretary Olga Bogdanowa Sowet Soýuzy darganyndan soňky döwürde bu guramanyň alyp baran işleriniň netijesinde köp ýurtlaryň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem zähmet bilen baglanyşykly köp halkara konwensiýalaryna gol çekendiklerini öňe sürdi. Ol häzirki wagt Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda-da, bu ugurda ýurduň kanunçylygyny halkara normalaryna laýyk getirmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Girdeýjiler we wertikal häkimiýet

Emma beýleki tarapdan, käbir bilermenler ”Türkmenistanyň kanunçylygyny halkara normalaryna laýyk getirmek” diýilýän çäreleriň ýurtdaky zähmetkeşleriň ýagdaýyny gowulandyrmak ýa işsizligiň öňüni almak ýaly meselelerde asla göze ilerlikli oňyn özgerişlikleri görkezmeýändigini aýdýarlar.

Özbegistanly syýasy analitik Taşpolat Ýuldaşow Türkmenistanda kanunçylyk babatynda alnyp barylýan işleriň aglaba göz üçin edilýän iş derejede galýandygyny we ýurtda dowam edýän korrupsiýanyň henizem ykdysady meselelere örän ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýtdy: «Merkezi Aziýanyň käbir beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda-da korrupsiýa ösýär. Gaz we nebit ýaly önümleriň eksportyndan gelýän pullar esasan ýokary wezipeli çinownikleriň kisesine gidýär. Döwlet býujetiniň serişdeleri ilatyň ykdysady-sosial ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky işlere däl-de, esasan döwletiň wertikal häkimiýetini, şeýle hem güýç ulanyjy organlaryny güýçlendirmek üçin ulanylýar».

Türkmenistanyň dürli regionlarynda ýaşaýan ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolanymyzda, ilatyň sosial-ykdysady ýagdaýy barada özbegistanly bilermeniň bu aýdýan garaýyşlary hakykatdanam tassyklanýana meňzeýär. Käbir diňleýjilerimiz Türkmenistanyň köp regionlarynda işsizligiň derejesiniň henizem örän ýokary bolmagynda galýandygyny we bu meseläni çözmek üçin göze ilerlikli işleriň edilmeýänligini tassyklaýarlar.

Jemgyýetiň aşakky gatlagy

Telefon arkaly biziň bilen söhbetdeş bolan bir maryly aýal işsizlik sebäpli Türkmenistanyň Mary şäherinden Türkmenbaşy şäherine gatnap, gök önüm satýandygyny aýtdy. Ol öz maşgalalaryndan uzaklara gidip, şular ýaly söwda edýän aýal-gyzlaryň başga-da gaty kändigini belledi.

Gökdepeli başga bir ildeşimiz hem özüniň kämillik ýaşyna ýeten bäş çagasynyň bäşisiniňem işsizdigini we olary eklemek üçin bolsa özüniň süýt satmak bilen meşgullanýandygyny, emma şeýle ownuk söwda bilen meşgullanmagyňam Türkmenistanda aňsat däldigini aýtdy. Ol para-peşgeş bermezden, bazarda önüm satyp bolmaýandygyny, para bermän söwda edýän söwdagärleriň zatlaryny köplenç polisiýa işgärleriniň alyp gidýändiklerini we munuň üçin olaryň para talap edýändiklerini tassyklady.

Özbegistanly analitik Täşpolat Ýuldaşew Türkmenistandaky işsizlik problemasynyň çözgüdiniň döwlet we hökümet derejesinde korrupsiýa problemasynyň çözgüdine bagly boljakdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG