Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur deprekçi soňky ýoluna ugradyldy


Rişat Şafi Moskwadaky Moda hepdeliginide, 24-nji oktýabr, 2009 ý.
Rişat Şafi Moskwadaky Moda hepdeliginide, 24-nji oktýabr, 2009 ý.

Meşhur sazanda-deprekçi Rişad Şafi şu gün iň soňky ýoluna ugradyldy.

4-njy noýabrda 57 ýaşynda aradan çykan Rişad Şafi bilen hoşlaşmak üçin Moskwanyň 57-nji keselhanasynyň sud-med ekspertiza morguna onuň garyndaşlary we dostlary, tanyşlary, käbir Orsýet sazandalary, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň wekilleri we birnäçe zurnalistler gatnaşdylar.

Rişat Şafi Moskwanyň etegindäki Bogorodskoýe gonamçylygynda jaýlandy.

“Men ony beýik diýen söz bilen häsiýetlendirmekden çekinmeýärin”, diýip Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan orsýetli kompozitor we saksofonist Wladimir Presnýakow şeýle diýdi: “Ol dünýä derejesindäki beýik sazanda, kompozitor, deprekçi we guramaçydy. Ol şeýle bir aktiwdi we janlydy, şonuň üçin men häzirki ýagdaýa hiç akyl ýetirip bilemok”.

Köp ýyllap Orsyýetde ýaşansoň şu ýyl Rişad Şafi Türkmenistana sapar edipdi.

“Rişat Şafiniň bu sapary Türkmenistanyň prezidentiniň şahsy çakylygy boýunça amala aşyryldy”, diýip “Watan” atly rus-türkmen dostlugy jemgyýetiniň ýolbaşçysy Maksat Saparmuradow aýtdy.
XS
SM
MD
LG