Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sazanda-deprekçi Rişad Şafi jaýlanyldy


Rişat Şafi Moskwadaky Moda hepdeliginide, 24-nji oktýabr, 2009 ý.
Rişat Şafi Moskwadaky Moda hepdeliginide, 24-nji oktýabr, 2009 ý.

4-nji noýabrda 57 ýaşynda aradan çykan Rişad Şafi bilen hoşlaşmak üçin 11-nji noýabrda Moskwanyň 57-nji keselhanasynyň sud-medekspertiza morguna onuň garyndaşlary we dostlary, tanyşlary, käbir orsýet sazandalary, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň wekilleri we birnäçe žurnalistler jemlendiler. Rişad Şafi Moskwanyň etegindäki Bogorodskoýe gonamçylygynda jaýlanyldy.

“Men ony beýik diýen söz bilen häsiýetlendirmekden çekinmeýärin” diýip, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan Orsýetli kompozitor we saksofonist Wladimir Presnýakow öz sözüni şeýle dowam etdi: “Ol dünýä derejesindäki beýik sazanda, kompozitor, deprekçi we guramaçydy. Ol şeýle bir aktiwdi we janlydy, şonuň üçin men häzirki ýagdaýa hiç akyl ýetirip bilemok”.

Rişad Şafiniň döredijilik ýoly

Rişad Şafiniň döredijilik karýerasy 1970-nji ýylda Türkmenistanyň tele-radiogepleşikler boýunça Döwlet komitetiniň ýanynda döredilen “Güneş” jaz-rok toparynda başlanypdy. Türkmenistanyň çäginden daşardaky ilkinji üstünlik oňa Tbiliside bolan ilkinji rok-festiwalda gelipdi. Şonda Rişad Şafi iň gowy deprekçi diýen ada mynasyp bolupdy.

90-njy ýyllarda “Güneşiň” dargamagyndan soňky döwürde Rişad Şafi, has anygy 1995-nji ýylda, Aşgbatda “Wolşebnyý Halat” ýagny “Jadyly don” müziklini döretdi. Bu sazly spektaklyň premýerasy “Güneşiň” düýbi tutulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanypdy.

1996-njy ýyldan bäri Rişat Şafi Moskwada ýaşady we işledi. Şol ýyllaryň dowamynda Orsýetiň REN-TV telekanalynyň resmi deprekçisi statsusyna eýe boldy, dünýäde entek bolmadyk “Ritmler” kitabyny döretmegiň üstünde işledi, kakylyp çalynýan saz gurallarynda saz çalmak tehnologiýalary kämilleşdirmek bilen meşgullandy we “Zmeý Gorynyç” atly deprek pedalyny döretdi. Rişat Şafiniň oýlap tapan bu guraly 2001-nji ýylda Giness rekordlar kitabyna girizildi.

2000-nji ýylda Rişat Şafi “Güneşiň” 30 ýyllygyna bagyşlap “Pesni bez slow”, ýagny “Sözsüz aýdymlar” albomyny çykardy. Bu barada Orsýetiň www.jazz.ru internet portalynda Rişad Şafä bagyşlanyp ýerleşdirilen memorial sahypasynda aýdylýar.

“Şeýle deprekçiler dünýäde köp däl, ol örän özboluşly. Men ony köpden bäri tanaýaryn, soňky ýyllarda bolsa köp duşuşýardyk. Ol bütin ömrüni bir zatlary döretmäge we oýlap tapmaga çalyşýardy. Ýekeje sekundyny işsiz geçirip bilmeýärdi” diýip, Wladimir Presnýakow ýene şeýle ýatlaýar: “Ol örän seýrek, örän açyk we adamlara aladaly garaýyşly adamdy. Rişadyň adamlara gatnaşygynda, onuň özüni däl-de, töweregindäkileri beýik we ajaýyp hasap edýänligi duýulýardy”.

Moskwada ýaşan türkmenistanly sazanda

Rişad Şafi köp ýyllap Moskwada ýaşan hem bolsa, konsertlerinde özüni Türkmenistanly sazanda diýip tanaýardy. Ol hemişe ýany bilen türkmen halysyny göterip, deprekleriniň aşagyna ýazýardy diýip, “Trend Internet” saýty belleýär we Rişad Şafiniň sözünden şeýle sitata getirýär: “Bu haly – meniň watanymdyr. Men eziz türkmen topragymda berk durýanlygymy duýmasam, saz çalyp bilmeýärin”.

Köp ýyllap Orsýetde ýaşan Rişad Şafi şu ýylyň bahar aýlarynda uzak arakesmeden soň Türkmenistana sapar etdi we türkmen atlarynyň baýramçylygynda konsert berdi.

“Rişad Şafiniň bu sapary Türkmenistanyň prezidentiniň şahsy çakylygy boýunça amala aşyryldy” diýip, “Watan” atly rus-türkmen dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Maksat Saparmyradow Azatlyk radiosyna aýtdy.

Rişad Şafiniň 4-nji noýabrda futbol türgenleşiginde birden ýüregi durup, ýogalanlygy habar berildi. “Turkmenistn.ru” internet gazetiniň maglumatyna görä, şol waka Orsýetiň meşhur estrada wekilleriniň we syýastçylarynyň ýygyndy futbol komandasynyň nobatdaky türgenleşiginden bolupdyr.
XS
SM
MD
LG