Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň wise-prezidenti saýlawlar baradaky kanunyň proýektine weto goýdy


Düýn Yragyň wise-prezidenti Tarek al-Haşemi ýakynda ýurduň Parlamenti tarapyndan oňlanylan saýlawlar baradaky kanunyň proýektine weto goýdy.

Araplaryň sünni mezhebinden bolan Tarek al-Haşemi özüniň bu kanuna weto goýmagynyň sebäbini onda daşary ýurtlara bosup çykan yraklylara Parlamentden we ýerli geňeşlerden ýeterlik orunlaryň berilmeýändigi bilen düşündirdi.

Wise-prezident Tarek al-Haşemi şol daşary ýurtlara bosup çykan yraklylaryň hukuklaryny göz öňünde tutýan punktlara düzedişleriň girizilmegi üçin saýlawlar baradaky kanunyň proýektini gaýtadan Parlamentiň garamagyna hödürlejekdigini aýtdy.

Bu kanuny proýektiň ýakyn wagtlarda gutarnykly kabul edilmedik halatynda, Yrakda geljek ýylyň 18-nji ýanwaryna bellenen Parlament saýlawlarynyň yza süýşürilmegi hem mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG