Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň premýer-ministri Putin bilen duşuşar


Şu gün Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko bu ýurda sapar edýän Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bilen gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Bu wakanyň öňýany Ukrainanyň hökümeti bu ýurduň üstünden geçýän tranzit gazy üçin geljek ýyl Orsýetiň ozalkydan iki esse köp tranzit tölegini tölemeli boljakdygyny mälim etdi.

Ukrainanyň premýer-ministri bilen Orsýetiň premýer-ministriniň Ýalta şäherinde geçirjek bu günki gepleşiklerinde tranzit gazyň bahasy bilen birlikde Ukrainanyň Orsýete bergileri bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylar diýlip garaşylýar.

Ýakynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Ukrainanyň öz satyn alýan gazy üçin töleglerini wagtynda tölemedik halatynda, Ukraina akdyrylýan gazyň islendik wagt kesilip bilinjekdigi bilen duýduryş beripdi.
XS
SM
MD
LG