Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina bilen Orsýetiň premýer-ministrleri duşuşýarlar


Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timaşenko bilen Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin şu gün Ýaltada Orsýetiň Ukraina satýan gazynyň bahasy boýunça pikir alyşýar.

Şol bir wagtyň özünde, Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşçenka Orsýetiň prezidentine ýollan hatynda, Kiýew bilen Moskwanyň arasynda gaz bilen bagly dowam edýän ylalaşygyň derhal gaýtadan gözden geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Bu dokumente Ukraina bilen Orsýetiň arasynda gaz boýunça dörän ylalaşmazlyklardan soňra, şu ýylyň ýanwar aýynda gol goýulypdy. Şol ylalaşmazlyklar ors gazynyň Ýewropa akdyrylmagyna-da päsgelçilik döredipdi.

Moskowa Kýewiň gaz boýunça Orsýete bolan bergisini wagtynda tölemedik halatynda bu iki ýurduň arasynda ýüze çykaýmagy mümkin problemanyň gazyň Ýewropa akdyrylmagyna ýene päsgelçilik döredip biljekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG