Galyň problemasy ýaşlaryň durmuşyna nähili täsir edyär?
Türkmenistanly ýaşlaryň durmuşy barada söhbet etsek, galyň barada hem gürrüň etmeli bolýar. Sebäbi galyň ilkibaşdan türkmen ýaşlarynyň durmuşynda hem-de geljeginde uly rol oýnaýar. Eýse, näme üçin galyň berilýär we alynýar?
Galyň barada köp soragy orta atyp bolýar. Ýöne bu soraglara kim jogap bermeli? Syýasatçylarmy? Ene-atalarmy? Ýaşlaryň özlerimi? Sosiologlarmy? - diýen sowallar köpleri gyzyklandyrýar. Türkmenistanda galyňyň giň ýaýrandygyna garamazdan, bu hakda döwlet tarapyndan statistiki maglumatlar berlmeýär.
Ýene bir zady şu taýda bellemegmyz zerur. Galyň turki halklaryň arasynda gadymdan däp bolyp gelýär. Ýöne beýleki turki halklara garanda türkmenlerde galyňyň möçberiniň has uludygyny synçylar belleýärler. Galyň meselesi barada türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew maglumat taýynlady.
Palçylygyň ýaşlaryň arasynda ösýändigi aýdylýar. Munuň sebäbi näme?
Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanda palçylyk öňküsinden has ösdi. Pal atýanlaryň sany köpeldi. Olaryň öýleriniň ýanynda köplenç nobatlar hem bar diýilyär. Hatda nobata duranlaryň köpüsiniň ýaşy 20 bilen 35 ýaş arasyndadygyny ýaşlar bize iberýän e-mail hatlarynda belleýärler.
Pal atdyrmak üçin palça barýan ýaşlar esasan şahsy durmuşlarynda döreýän problemalaryň çözgütlerini, geljekde öz durmuşlarynda nämeleriň bolup geçjekdigini bilmek ýa-da nämedir bir zatlaryny ýitirensoňlar, şony tapmak üçin palçylara ýüz tutýarlar. Gapy-gapy aýlanyp ýören palçylar hem bar diyip, Türkmenistandaky habarçymyz maglumat beryär. Käbir döwlet ýolbaşçylarynyň özleriniň hem ýörite palçysy bar diýýärler.
Palçylaryň gazanjy gowy, olar baý ýaşaýarlar. Palçylara ynanyp, öz durmuşyny zaýalaýanlar-da bar. Kimdir birinde hatda durmuş problemalary ýok hem bolsa, palçylar gowy gazanmak üçin ”Seň başynda bir iş bar, hökman meniň ýanyma gatna, men saňa doga bereýin” diýip, adamlary öz ýanlaryna birnäçe gezek geler ýaly edýärler. Elbetde, gelen adam her gezegem palça pul bermeli. Garaz, palçylardan aldanýanlar köp diyip Türkmenistandaky habarçymyz maglumat beryär.
Emma palçylygyň diňe Türkmenistanda däl-de, bu regiondaky döwletleriň köpüsinde giň ýaýrandygy aýdylýar. Şu temadan Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurbanyň taýýarlan maglumatyny diňläň.