Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adwokat Magnitskiýniň ölümi nämäniň alamaty?


Sergeý Magnitskiý “Butirskaýa” tussaglyk izolýatorynda bir ýyla golaý oturypdy.
Sergeý Magnitskiý “Butirskaýa” tussaglyk izolýatorynda bir ýyla golaý oturypdy.

Orsýetdäki ”Hermitage Capital” atly belli inwestisiýa fondunyň adwokaty Sergeý Magnitskiý türme tussaglygynda özüne zerur medisina kömeginiň berilmeýänliginden şikaýat edenden birnäçe wagt geçensoň, şu hepdäniň duşenbe güni Moskwanyň türmesinde aradan çykdy.

Ýurduň resmileri düýbi Moskwada ýerleşýän ”Firestone Duncen” atly audit firmasynyň ýuristi hem-de hasapçysy, 37 ýaşly Sergeý Magnitskiniň ýürek kemçiliginden hem-de aşgazan-içege keselinden aradan çykandygyny aýdýarlar. Ol salgyt tölegindäki galplyklar bilen bagly bildirilýän aýyplamalar boýunça sud prosesine garaşyp, tussaglyk izolýatorynda bir ýyla golaý oturypdy.

Magnitskiý özüne bildirilýän bu aýyplamalary tutanýerlilik bilen ret edip geldi. Magnitskiniň kärdeşleri ”Hermitage Capital” fonduna hem-de bu fonduň düýbüni tutujy Wilýam Browdere garşy ýalan görkezmeleri almak üçin oňa milisiýa we prokuratura işgärleriniň uly basyş görkezip gelendiklerini aýdýarlar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda ”Firestone Duncen” audit kompaniýasynyň egindeş menejeri Jeýmson Faýrstoun Magnitskä görkezilen basyşlardan bir görnüşiniň hem oňa medisina kömegini bermezlik metodynyň bolandygyny aýtdy: «Ol öz keseliniň aňsatlyk bilen bejerilip bilinjek ýagdaýynda öldi. Oňa örän ýönekeý operasiýa we örän ýönekeý derman zerurdy. Emma milisiýa oňa bu zerur bejergileri almaga rugsat bermedi. Onuň sebäbem Magnitskiniň milisiýa işgärleriniň islegine görä, olar bilen hyzmatdaşlyk etmänligidir. Munuň sebäbi örän ýönekeý».

Sergeý Magnitskiniň ölümi Kreml bilen ”Hermitage Capital” inwestisiýa fondunyň arasynda uzak dowam edip gelýän göreşiň nobatdaky bir ösüşi hökmünde alamatlandy.

”Hermitage Capital” öz döwründe Orsýetdäki iň uly hususy inwestisiýa fondy hökmünde meşhurlyga eýe bolupdy. Jenap Faýrstoun ýaly ”Hermitage Capital” fonduny goldaýjylar bu fonda garşy alnyp barylýan kampaniýanyň Orsýetdäki biznesiň ykbalyna güýç ulanyjy organlaryň we guramaçylykly jenaýat toparlarynyň näderejede täsir edýändigini we bu guýçlere garşy durmaklygyň näderejede howpludygyny görkezýän aýdyň bir mysaldygyny aýdýar: «Häzirki wagtda Orsýetde kanun goraýjy organlara asla hiç kim hormat goýmaýar. Bu organlar täze bir mafiýa. Olardan diňe gorkulýar. Olar uniformalardaky jenaýatçylar. Elbetde, men olaryň arasynda hiç bir akýürekli milisiýa işgäri ýok diýemok. Emma höküm sürýän kada görä, kanun goraýjy organlarda işleýän we sud-derňew işlerini alyp barýan adamlardan aglaba köpçüligi galp adamlar. Biz tutuş ýurdy hem şol adamlara utdurýarys».

Meşhur inwestisiýa guramalaryndan biridi

2000-nji ýyllaryň başlarynda ”Hermitage Capital” inwestisiýa fondy Orsýetdäki iň bir meşhur inwestisiýa guramalaryndan biri hökmünde tanalýardy. Öz abraýynyň kem-kem ýokarlanmagy bilen ol Orsýetdäki ”Gazprom” we ”Surgutneftegaz” kompaniýalary ýaly uly kompaniýalaryň hem aksiýalarynyň saldamly bölegini satyn alyp başlapdy.

Ýöne tiz wagtdan, 2005-nji ýylda, bu ”Hermitage Capital” fondunyň ýerine ýetiriji direktory, amerikan raýaty Wilýam Browderi Orsýetiň häkimiýetleri ýurda goýbermediler. Muny bolsa olar nähilidir bir düşnüksiz milli howpsuzlyk meseleleri bilen baglanyşdyrdylar.

Şol wakadan soň, Wilýam Browder daşary ýurt inwestorlaryny Orsýetden gaça durmaklyga çagyryjy kampaniýa ýöredip başlady. 2007-nji ýylyň iýunynda bolsa Orsýetiň milisiýasy ”Hermitage Capital” fondunyň ofislerine reýd geçirip, onuň ofislerindäki iş dokumentlerini we möhürlerini konfiskasiýa etdi. ”Hermitage Capital” fondy öz hukuklaryny goramak üçin Moskwadaky ”Firestone Duncen” audit kompaniýasynyň ýuristi Sergeý Magnitskini adwokat hökmünde işe çekdi.

”Hermitage Capital” fondy şol wakanyň yzy bilen ýurduň içeri işler ministrliginiň, salgyt resmileriniň we sud sistemasynyň resmileriniň ýardam bermeginde guramaçylykly jenaýat toparlarynyň bu ”Hermitage Capital” fondunyň eýeçiligindäki guramalaryň aksiýalaryny bu fonduň elinden almak çärelerini gurnandyklaryny aýdýar.

Fonduň aýtmagyna görä, hut adwokat Sergeý Magnitskiý hem kanun goraýjy organlaryň şol pyssy-pyjurlyklaryny görkezýän faktlaryň üstüni açypdyr.

”Hermitage Capital” fondunyň ýerine ýetiriji direktory Wilýam Browder Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Sergeý Magnitskiniň şu iş bilen baglanyşykly Içeri işler ministrliginiň iki sany ofiserine, şol sanda ”Hermitage Capital” fondunyň dokumentlerini konfiskirlemäge ýolbaşçylyk eden podpolkownik Artýom Kuznetsowa-da jenaýatda aýyplandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Magnitskiniň jenaýatçylykda aýyplaýan şol ofiserleri hem 2008-nji ýylyň noýabrynda onuň özüni tussag edipdirler.
XS
SM
MD
LG