Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeňçileriň gurultaýa çagyrylmagy mümkin


Owganystanyň prezidentiniň sözçüsi Kerzeýiň parahatçylygy dikeltmek we Talyban bilen ýaraşmak üçin jeňçileri hem Loýa jyrga çagyrmagy ahmal diýýär.

Roýters sözçi Hamit Elmininiň sözlerine salgylanyp, hökümetiň ýa owganlaryň giň köpçüligini öz içine alýan Loýa jyrga çagyryp, jeňçiler bilen ýaraşyk barada maslahat etmekçi bolýandygyny, ýa-da jeňçileri hem geňeşe çagyrmakçy bolýandygyny habar berýär.

Kerzeý geçen hepde kasam kabul edende parahatçylygy dikeltmek maksady bilen Loýa jyrga çagyrmak plany hakda aýtdy, ýöne anyk gürrüň etmedi.

Talyban liderleri günbatar goşunlary ýurtdan çykmasa, Kerzeý bilen gepleşmejeklerini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG