Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak telewideniýesi bombaçy diýilýänleriň «boýun alyşlaryny» efire berdi


Yragyň döwlet telewideniýesi geçen aý Bagdatda 150-den gowrak adamy öldüren partlamanyň dildüwşijileri diýilýän üç adamyň boýun alyşlaryny efire berdi.

Efire berlen wideoýazgyda görkezilen üç adam özleriniň nyşana alnan ýere gözegçilik edendiklerini we bombaly maşynlary Bagdada getirendiklerini aýdýarlar.

Şeýle-de olar özleriniň Yragyň öňki lideri Saddam Hüseýiniň Baas partiýasy bilen ilteşikleriniň bardygyny gürrüň berýärler.
XS
SM
MD
LG