Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garabag gepleşiklerindäki “möhüm öňegidişlik”


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan (sagda) we azerbeýjanly kärdeşi Ylham Aliýew, Kişinýow, 8-nji oktýabr, 2009-njy ýyl.
Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan (sagda) we azerbeýjanly kärdeşi Ylham Aliýew, Kişinýow, 8-nji oktýabr, 2009-njy ýyl.

Ylham Alyýew we Serž Sarkisiýan ozaly bilen ikiçäk duşuşdylar, soňra bolsa Minsk toparynyň ýolbaşçylary bilen görşüp, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdylar. Ýöne gepleşikleriň jikme-jigi hakynda doly maglumat berlenok diýip, Azatlyk Radiosynyň azeri gullugynyň žurnalisti Münhenden habar berdi.

Duşuşyklardan soňra metbugat konferensiýasy geçirildi. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparyndan Garabag meselesi boýunça Fransiýaly araçy, Minsk toparynyň başlygy Bernard Fassýe dört sagatlap dowam eden gepleşiklerde öňegidişligiň bardygyny, ýöne muňa garamazdan, henizem problemanyň öz güýjünde galýandygyny aýtdy: «Moskwada, Parižde hem Waşingtonda urşuň bu meselede çözgüt bolmaz diýip hasaplaýarlar, sebäbi problemalary urş bilen çözüp bolmaz» diýip, Minsk toparyna baştutanlyk edýän Fassýe aýtdy.

Garabag meselesinde iki döwletiň prezidentleriniň altynjy tapgyr duşuşygy Germaniýanyň Münhen şäherinde geçirildi. Azerbeýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri Mämedýarow we Nalbandýan Afinyda maslahat etjekler.

Fassýe ýene şeýle diýdi: «Elbetde, şol bir wagtyň özünde geçirilen gepleşikler prezidentlere hem bize bireýýäm çözülmeli problemany anyklamaga mümkinçilik berdi, ýöne möhüm mesele problemalaryň çözülmegi üçin bizden haýyş edilmegi ähmiýetli» diýip, fransiýaly diplomat aýtdy.

Minisk toparyndan bu meselä araçylyk edýän ABŞ-nyň diplomaty Robert Bradtke bolsa bu barada şeýle diýdi: «Bu iki prezidentiň bile işleşmek ugrundaky aladalary men-de aýratyn täsir galdyrdy, olaryň gepleşikleriniň çynlakaýlygy hem çuňlugy hem-de kyn we jedelli meseläni maslahatlaşmaga bolan islegi bu prosese täzelikde goşulan adam hökmünde mende diýseň uly täsir galdyrdy» diýip, amerikan diplomaty aýtdy.

Fransiýanyň Daşary işler ministrligi mundan ozal Alyýewiň we Sarkisýanyň duşuşygynda şu aşakdaky meseleler hakynda maslahat ediljegini mälim edipdi:

1. Daglyk Garabagyň töweregindäki basylyp alnan ýerleriň Azerbeýjanyň kontrollygyna berilmegi.
2. Daglyk Garabagyň howpsuzlygyny we awtonomiýasyny kesgitleýän wagtlaýyn statusynyň belli edilmegi.
3. Ermenistan bilen Daglyk Garabagy birikdirýän koridoryň ýapylmagy.
4. Uruş zerarly öý-öwzarlaryndan jyda bolanlaryň öýlerine dolanyp barmaklaryny üpjün etmek.
5. Sebitde parahatçylygy goraýan güýçleriň ýerleşdirilmegi.

Gepleşikler uzaga çekiberse, uruş wariantynyň-da saýlanyp alynmagynyň mümkindigini Azerbeýjanyň prezidenti Alyýew aýtdy. Ýöne Minsk toparynyň baştutany taraplary urşdan gaça durmaga çagyrdy.

Azerbeýjanyň we Ermenistanyň arasynda Daglyk Garabag dawasy 1988-nji ýylda Ermenistanyň Azerbeýjanyň topragyny basyp almagy bilen başlanypdy. .

1993-nji ýyldaky Ermenistanyň hüjüminde Daglyk Garabag bilen onuň töweregindäki alty şäher hem-de raýonlar basylyp alyndy. 1994-nji ýylda taraplaryň arasynda atyşyklary ýatyrmak hakyndaky şertnama gol çekilse-de problema çözülmän gelýär. Baku, uruş zerarly bir million çemesi adamyň öýlerinden jyda düşendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG